Ýewropa Komissiýasynyň Başlygy wezipesine saýlanan hanym Ursula fon der Lýaýen Ýewropa Bileleşigi bilen Türkmenistanyň arasyndaky has ysnyşykly hyzmatdaşlyga goşant goşmagy umyt edýär.
Fon der Lýaýen Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa iberen hatynda özüniň Ýewropa Komissiýasynyň Başlygy wezipesine saýlanmagy mynasybetli döwlet Baştutanymyzyň gutlagyna hoşallyk bildirdi.
“Ählumumy häsiýetli wehimleriň köpüsi biziň halkara gatnaşyklarymyza täsirini ýetirýär. Biz häzirki zaman taryhynda şol wehimler bilen has köp ýüzbe-ýüz bolýarys,” diýip, fon der Lýaýeniň hatynda nygtalýar. “Ygtyýarlyklarymyň möhletiniň barşynda Ýewropanyň şu ählumumy ýagdaýlara jogapkärli garaýyşlarymyzyň özboluşly ugurlaryny has-da pugtalandyrmaga çalyşmagyny isleýärin”.
“Ýewropa Bileleşiginiň we Siziň ýurduňyzyň arasyndaky has ysnyşykly hyzmatdaşlyga goşant goşmagy umyt edýärin,” diýip, fon der Lýaýen milli Liderimize iberen hatynda ýazýar.
Ýedi perzendi kemala getiren Ursula fon der Lýaýen 1990-njy ýyllaryň ahyrynda syýasy zähmet ýoluna gadam basmazdan öň lukman bolup işledi. 2013-nji ýylda Germaniýanyň ilkinji zenan Goranmak ministri boldy.
Häzir 60 ýaşan Ursula fon der Lýaýen täze wezipesine noýabr aýynda girişip, bäş ýyl boýunça Ýewropa Bileleşigine ýolbaşçylyk eder. Şu ýylyň güýzünde bolsa Aşgabatda Ýewropa Bileleşiginiň Wekiliýetiniň açylmagyna garaşylýar.