Balkan welaýatynyň Serdar şäherindäki “Erada” hususy kärhanasynyň “Nurana Aý” önümhanasy her ýyl ýokary hilli çörek we çörek önümleriniň 1000 tonnasyny täzeligi bilen sarp edijilere ýetirýär.
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugynyň Haryt Nyşanyna eýe bolan “Nurana Aý” önümhanasynyň öndürýän ýokary hilli azyk önümleriniň görnüşi otuza ýetýär.
Kärhananyň düzüminde 2015-nji ýylda işe girizilen önümhanada täze innowasion tehnologiýalar Türkiýe, Eýran, Italiýa ýaly döwletlerden satyn alyndy.
Bu ýerde taýýarlanylýan türkmen milli çörek önümleri – ýagly gatlamalar, guýruk ýagly petirler, süýtli külçeler, toý pişmeleri, tortuň, kökeleriň dürli görnüşleri we beýlekiler önümhananyň ýörite dükanyna gelýän müşderileriň göwnünden turýar.
“Erada” hususy kärhanasy önümçiligiň çygryny has-da giňeltmegi maksat edinýär. Olar önümhananyň golaýyndan bölünip alnan meýdançada ýakyn geljekde miweleri we gök önümleri gaýtadan işleýän ýörite önümçiligi ýola goýmagy hem göz öňünde tutýarlar.