Ýurdumyzda sentýabr aýynda pagta ýygym möwsümi başlaýar. Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda 11-nji sentýabrda, Daşoguz welaýatynda bolsa, olardan bir hepde soň “Ak altyn” ýygymyna girişiler.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde ýygyma ak pata berdi.
Şu ýyl gowaça ekmek üçin 550 müň gektar ýer bölünip berildi. Umumy alanyňda “ak altynyň” 1 million 50 müň tonnasyny ýygnamak bellenilýär.
Şeýle hem 4-nji sentýabrdan başlap, güýzlük bugdaý ekişi badalga alar.
Öňümizdäki ýyl bugdaý ekiljek meýdanyň möçberi 760 müňden 690 müň gektara çenli azaldylar. Bugdaý taýýarlamagyň möçberini 1 million 400 müň tonna çenli azaltmak meýilnamalaşdyrylýar. Güýzlük bugdaýdan boşan ýerler gowaça ekmäge berler.