Taýlandly kauçuk öndürijiler 850 million dollarlyk goldaw alarlar

Taýlandly kauçuk öndürijiler 850 million dollarlyk goldaw alarlar
Taýland ýyllyk 4.6 million tonna golaý tebigy kauçuk öndürýär.

Taýland hökümeti kauçuk agajyny ýetişdirýän daýhanlara 849.7 million dollarlyk maliýe kömegini bermegi meýilleşdirýär. “Reuters” agentliginiň habar bermegine görä, bu barada Taýlandyň Oba hojalyk ministri Çalermçaý Sri-on Duşenbe güni aýtdy.

Ministriň aýtmagyna görä, kauçuk daýhanlaryna goýberiljek maliýe serişdesi öňümizdäki hepde Ministrler Kabinetiniň garamagyna hödürlener. Oktýabr aýyndan başlap indiki ýylyň sentýabr aýyna çenli durmuşa geçiriljek täze taslama 1.4 milliondan gowrak daýhany we 300,000 golaý kauçuk ýygnaýjylary öz içine alar.

Taýland hökümeti maksatnama görä kauçuk önümleriniň iň pes satyş bahasyny kesgitlär. “Reuters”-a görä täze baha strategiýasy häzirki bazar nyrhyny 50% ýokarlandyrar.

Taýland ýyllyk 4.6 million tonna golaý tebigy kauçuk öndürýär. Dünýäniň iň esasy kauçuk eksport edijisi bolan Taýland “Michelin” teker kompaniýasynyň ulanýan tebigy kauçuklarynyň 40 göterimini üpjün edýär.

2022