Indoneziýa nikel eksport etmegini bes eder

Indoneziýa nikel eksport etmegini bes eder
London metal harytlary biržasynda nikeliň bir tonnasynyň bahasy soňky bäş ýylyň iň ýokary mukdaryna – 18,785 dollara çykdy.

Indoneziýa 2020-nji ýyldan başlap çig mal hökmünde ulanylýan nikeli eksport etmegi bes eder. Bu barada Indoneziýanyň energiýa we magdan gorlary ministrliginiň kömür we minerallar boýunça baş direktory Bambang Gatot Ariýono duşenbe güni metbugat wekillerine mälim etdi.

Indoneziýa hökümeti 2017-nji ýyldaky beýanatynda nikel eksportyny 2022-nji ýylda bes edilmegi meýilleşdirýändiklerini aýdypdy.

Möhletiň öňe süýşürilmeginiň esasy sebäbiniň nikel gorlarynyň çäkli bolmalydygyny aýdan Ariýono, “Subut edilen nikel gorlarynyň mukdary 698 million tonna. Bu mukdar biziň zawodlarymyzy 7.3 ýyl nikel bilen üpjün edip biler” diýdi.

“Financial Times”-yň habar bermegine görä bu täzelikden soň, London metal harytlary biržasynda nikeliň bir tonnasynyň bahasy soňky bäş ýylyň iň ýokary mukdaryna – 18,785 dollara çykdy. “Goldman Sachs”-yň bilermenleri öňümizdäki üç aýyň içinde bu mukdar 20,000-e çenli ýokarlanar diýip çaklaýar.

Indoneziýa dünýäniň iň uly ikinji nikel çig malyny eksport ediji ýurdy bolup durýar.