Aziýanyň ösüş banky TOPH taslamasyny goldamagyny dowam edýär

Aziýanyň ösüş banky TOPH taslamasyny goldamagyny dowam edýär
AÖB-niň Türkmenistandaky direktory Çang Çing Ýu

Energiýa bazarynyň diwersifikasiýalaşdyrylmagy Aziýa ösüş banky (AÖB) bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk strategiýasynyň möhüm sütünidir. Bu barada “Neýtralnyý Turkmenistan” gazetiniň geçiren söhbetdeşliginde AÖB-niň Türkmenistandaky direktory wezipesine awgust aýynda bellenen Çang Çing Ýu beýan etdi.

Çang Çing Ýu “Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan (TOPH) gaz geçirijisi sebitleýin häsiýetde iri taslamalaryň biridir. Bu energiýa koridorynyň gurluşygynyň tamamlanmagy, sebitdäki hyzmatdaşlygy täze derejä çykaryp, Merkezi Aziýada we Ýakyn Gündogarda durnuklylygy we ösüşi üpjün eder” diýip nygtady.

AÖB 2013-2016-njy ýyllarda Tehniki iş toparynyň we TOPH-niň Ýolbaşçy komitetiniň mejlislerini yzygiderli gurady. Tranzaksion Geňeşçi hökmünde AÖB 2014-nji ýylyň noýabrynda TOPH taslamasyna gatnaşyjy ýurtlaryň “TAPI Pipeline Company Limited” kompaniýasynyň döredilmegine we 2015-nji ýylyň dekabrynda özara ylalaşyga gol çekilmegine hem-de 2016-njy ýylyň aprelinde maýa goýum ylalaşygynyň gazanylmagyna ýardam etdi.

“AÖB häzirki wagtda hem sebitdäki bu möhüm iri taslamanyň durmuşa geçilmegini goldaýar” diýip Çang Çing Ýu belledi.

2022