Türkmen gazyny Eýranyň gazy bilen çalyşmak shemasynyň üstünde işlenip bilner – bu gurluş gyzyklanýan taraplaryň gaz bazaryndaky ýagdaýlaryna oňyn täsir eder diýip, Ermenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky ilçisi Artaşes Tumanýan çykyşynda nygtady.
Ermenistanyň “Verelq” habar saýtynyň berýän maglumatyna görä, Ermenistanyň mejlisindäki maslahatda çykyş eden Tumanýan Eýranyň ýurda goýberjek gazynyň möçberini artydyryp biljekdigini, emma gazyň nyrhynyň amatly däldigini mälim etdi.
“Ýöne gaz bilen baglanyşykly başga bir pikir bar. Biz türkmen gazyny alyp, ony eýran gazy bilen çalşyp bileris. Bu gurluş gyzyklanýan degişli taraplar üçin hem bähbitli bolar” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
Ilçiniň pikirine görä, alyş-çalyş gurluşy arkaly türkmen gazy ýurda fiziki ýagdaýda girmän, Eýranyň Mazenderan welaýatyna goýberilse, Ermenistan Eýranyň mawy ýangyjyny serhetden satyn alar.
Şol bir wagtda Russiýanyň gazynyň amatly nyrhdan alynýandygyny agzan Tumanýan nagt töleg edenlerinde-de Eýranyň “mawy altynynyň” özleri üçin gymmat boljagyny nygtady.
Şu ýylyň başyndan bäri Ermenistan Russiýanyň mawy ýangyjynyň müň kubmetrine 165 dollardan töleg edip gelýär.