“Louis Vuitton” 1,500 täze hünärmen işe alar

“Louis Vuitton” 1,500 täze hünärmen işe alar
Kompaniýa öz önümlerini dünýäniň 50 ýurdunda 460-dan gowrak dükanda lýuks modanyň muşdaklaryna hödürleýär.

Fransuz brendi “Louis Vuitton” 2022-nji ýyla çenli düzümine 1,500 täze hünärmen goşar.

Maliýe dolanyşygynyň agramly bölegini deri we kanwas el sumkalaryndan gazanýan kompaniýa Hytaýda artýan talaby garşylamak maksady bilen, täze işgärler almak arkaly 16 sany önümçilik sehini doly kuwwatynda işletmegi we goşmaça ýene iki sehi açmagy meýilleşdirýär.

Bu barada “Louis Vuitton”-yň direktory Maýkl Börk brendiň 2,970 dollarlyk “Lock Me” modeliniň öndürilýän, Fransiýanyň Bolýe-sur-Leýon etrapçasynda ýerleşýän önümçilik sehiniň açylyş dabarasynda mälim etdi. Şeýle hem Börk satylmadyk harytlaryň ählisini gaýtadan işlemegi maksat edinýändiklerini sözlerine goşdy.

Esasan hem hytaýly ýaşlaryň arasynda meşhurlyk gazanan “Louis Vuitton” el torbalarynyň önümçiligini ýokarlandyrmak üçin sehiň açylan ýerinde ýaşaýan ýerli hünärmenler işe alnar.

19-njy asyryň soňlaryna fransuz moda dizaýneri Lui Wýuitton tarapyndan esaslandyrylan kompaniýa öz önümlerini dünýäniň 50 ýurdunda 460-dan gowrak dükanda lýuks modanyň muşdaklaryna hödürleýär. 

2022