Türkmen kompaniýasy kompýuterleri eksport etmegi nazarlaýar

BT
Türkmen kompaniýasy kompýuterleri eksport etmegi nazarlaýar
“Agzybirlik tilsimaty” hytaýly hyzmatdaşlar bilen bilelikde noutbuklary, planşetleri, monobloklary, şahsy kompýuterleri öndürmegi meýilleşdirýär.

“Agzybirlik tilsimaty” kompýuterleriň synag tapgyrynda üç müňe golaýyny öndürer. Häzirki wagtda bu kärhananyň önümçilik gerimi giňeldilýär.

Bu bilelikdäki kärhana 2018-nji ýylyň oktýabr aýynda Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň “Kompýuter tehnologiýalary merkezi” tarapyndan esaslandyryldy. Ol ýurdumyzyň çäginde kompýuter tehnoloigýasynyň önümçiligini ýola goýmak maksady bilen, Hytaýyň “Hengsheng Lianhua Investment Management Co. Ltd.”, “Tongfang Hongkong limited” öňdebaryjy kompaniýalary bilen bilelikde döredildi.

Bu kärhanada Hytaýyň milli derejesinde birinji orny eýeleýän we dünýäniň bilim derejesinde top ulgamyna girýän Sinhua uniwersiteti tarapyndan güwälendirilen ýokary hünärli işgärler zähmet çekýärler. Hut şu ýokary okuw mekdebiniň hünärmenleri ylmy barlaglaryň geljegi uly ugurlaryny işläp taýýarlaýarlar hem-de bu mekdep “Tongfang Hongkong Limited” kompaniýasynyň esaslandyryjysy bolup durýar.

“Agzybirlik tilsimaty” kärhanasy hytaýly hyzmatdaşlar bilen bilelikde noutbuklary, planşetleri, monobloklary, şahsy kompýuterleri we hat-da serwerler ýaly çylşyrymly ýöriteleşdirilen programma toplumlarynyň tejribelik nusgalaryny öndürmegi meýilleşdirýär hem-de eýýäm olaryň käbirinde bu işler ýerine ýetirilip başlandy. Ýerli nyşan arkaly şahsy kompýuterleriň ilkinji tapgyryny şu ýylyň ahyryna çenli öndürmek göz öňünde tutulýar.

Kärhananyň ýyllyk kuwwatynyň 500 müň kompýutere deň bolmagyna garaşylýar. Onuň ýarym ýylda öndüren kompýuterleriniň Türkmenistanyň isleglerini ýerli kompýuterler bilen doly üpjün etmäge mümkinçilik berer.

“Agzybirlik tilsimaty” bilelikdäki kärhana daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikleri döretmek boýunça öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmegi maksat edindi. Häzirki wagtda bosla, ikinji ugur – bar bolan haryt nyşanlaryny gaýtadan eksport etmek mümkinçiligi döreýär. Bu ýagdaý Türkmenistanda öndürilen kompýuterleriň goňşy ýurtlara iberiljekdigini aňladýar, sebäbi “Agybirlik tilsimaty” Merkezi Aziýa sebitinde kompýuter enjamlaryny öndürýän ýeke-täk kärhanadyr. Şol sebäpli hem bu kärhananyň öňünde giň bazarlar açylýar.

Şeýle hem bilelikdäki kärhana programmalaýyn üpjünçiligi işläp düzmek boýunça iri halkara kompaniýasy “Microsoft” hem-de elektron enjamlaryny we kompýuter ätiýaçlyk şaýlaryny esasy öndüriji bolan “Intel” kompaniýasy bilen ýakyn hyzmatdaşlyk edýär. Olar eýýäm Gazagystandaky, Özbegistandaky, Täjigistandaky, Owganystandaky buýrujylara kompýuterleri Türkmenistandan satyn almak barada maslahatlary berdiler.

Şu ýyl “Agzybirlik tilsimaty” kärhanasy ýurdumyzyň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen çagalar okuw kompýuterleriniň 80 müňüsini öndürdi, olar ýurdumyzyň birinji synp okuwçylaryna sowgat berildi. 198 dürli okuw funksiýalaryny ýerine ýetirýän we türkmen, rus, iňlis dilleri bilen işleýän programma ýerleşdirilen bu kompýuterler çagalaryň mekdep ýyllarynyň başky üç ýylynda özleşdirýän esasy dersleri öz içine alýar.

Kompýuter önümçiligi boýunça Türkmenistandaky ilkinji kärhana ýene-de şeýle zawodlaryň döredilmegi üçin esas goýdy. Olar bolsa megerem, açylar, munuň özi doly derejede häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýär, diňe bäsdeşlik şertlerinde hil taýdan ösmegiň mümkinidigini aýdyp bolar.