“Ukyply kärdeşler” gazbeton bloklaryny Özbegistana ugradýar

“Ukyply kärdeşler” gazbeton bloklaryny Özbegistana ugradýar
Kärhananyň önümçiligi ozaly bilen möçberli şäher gurluşyk maksatnamasynyň çäklerinde ýurduň içerki zerurlyklaryny üpjün etmäge gönükdirilen.

“Ukyply kärdeşler” hususy kärhanasy binalar we desgalar üçin gazbeton bloklarynyň 7 müň kubmetrden gowragyny Özbegistana ugratdy.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan bu kärhananyň önümleri “Tashkent City”-nyň binalarynyň, Buharada, Samarkandda we dostlukly döwletiň beýleki şäherlerinde ýaşaýyş jaýlaryň gurluşygynda ulanylýar. Ondan başga-da, “Ukyply kärdeşler”-e Gazagystanyň Aktau şäheriniň gurluşykçylary gazbeton bloklarynyň uly tapgyryny sargyt etdi.

Ýakyn aýlarda “Ukyply kärdeşler” ýokary hilli gurluşyk materialynyň 9 müň kub metrine golaýyny eksport etmegi meýilleşdirýär.

Kärhananyň önümçiligi ozaly bilen möçberli şäher gurluşyk maksatnamasynyň çäklerinde ýurduň içerki zerurlyklaryny üpjün etmäge gönükdirilen.

“Ukyply kärdeşler” HK-niň önümleri uly islegden peýdalanýar. Gazbeton bloklar Ahal welaýatynyň täze administratiw merkeziniň binalarynyň, şeýle hem paýtagtymyzyň günbatarynda Magtymguly şaýolynyň ugrundaky ýaşaýyş toplumynyň gurluşygynda ulanylýar. Kärhananyň önümlerinden ýurtda dürli desgalaryň gurluşygyny alyp barýan daşary ýurt kompaniýalary hem peýdalanýar.

Gurluşyk materiallaryny öndürýän doly awtomatlaşdyrylan kärhanada bu ugurdaky dünýä lideri bolan “WEHRHAHN” nemes kompaniýasynyň enjamlary oturdylan. Önümçilik düzüm bölekleri hökmünde ýerli çig mal ulanylýar. Iň täze tilsimatlar mineral serişdelerden ekologik taýdan howpsuz, ýeňil we berk, ses geçirmeýänligi ýokary, ýylylygy geçirijiligi pes bolan bloklary öndürmäge mümkinçilik berýär.

Şunuň bilen birlikde kärhanada gazbeton bloklaryny we panellerini, şeýle-de keramiki plitalary örmek üçin ýelim, binalaryň daşyny we içini gruntlamak we gutarnykly işlemek üçin niýetlenen şpaklýowkalar öndürilýär.

2022