Lebedew Türkmenistanyň durmuşa geçirýän tagallalaryna ýokary baha berdi

Lebedew Türkmenistanyň durmuşa geçirýän tagallalaryna ýokary baha berdi
Lebedew çarşenbe güni Türkmenistanyň Daşary işler ministri Meredow bilen duşuşdy.

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) Ýerine ýetiriji komitetiniň Başlygy – Ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedew şu ýyl ýurduň Arkalaşyga başlyklyk etmeginiň çäklerinde GDA-nyň esasy maksatlarynyň we wezipeleriniň ilerledilmeginde Türkmenistan tarapyndan durmuşa geçirilýän tagallalara ýokary baha berdi.

GDA-nyň Ykdysady Geňeşiniň 83-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen Aşgabada gelen Lebedew çarşenbe güni Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen geçirilen duşuşykda bu barada aýtdy, diýip Türkmenistanyň daşary işler ministrligi habar berýär.

Soňra taraplar anna güni geçiriljek GDA-nyň nobatdaky Ykdysady Geňeşiniň mejlisiniň mowzuklaryna garadylar. Bu çäräniň üstünlikli geçirilmegi özara gyzyklanma döredýän meseleler, hususan-da, ykdysady we durmuş syýasatynyň işlenilip düzülmegi ulgamynda GDA-nyň gatnaşyjy-döwletleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyga özüniň oňyn täsirini ýetirmegine gönükdirilýär.

Taraplar şeýle hem şu ýylyň oktýabrynda geçirilmegi meýilleşdirilýän GDA-nyň Döwlet Baştutanlarynyň we GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisleriniň geçirilmegi bilen bagly bolan meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.