ÝÖTB Aşgabatda eksport boýunça okuw geçirer

BT
ÝÖTB Aşgabatda eksport boýunça okuw geçirer
Okuw-türgenleşigine gatnaşmak isleýän taraplaryň anketalary 23-nji sentýabra çenli kabul ediler.

Ýewropada Ösüş we Täzeleniş Bankynyň (ÝÖTB) Aşgabatdaky edarasy Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistanda durnukly oba hojalygyna we oba ýerleriniň kämilleşmegine niýetlenen SARD III taslamasy bilen hyzmatdaşlykda oktýabr aýynyň 9-10-y aralygynda “Täze eksportçylar üçin eksport tejribeleri we düzgünleri” atly iki günlük okuw-türgenleşigini geçirer.

“Ýyldyz” myhmanhanasynda geçiriljek çärede eksporta täze isleg bildirýän taraplara eksport strategiýasyny işlemek, daşary ýurt bazarlaryna girmek, bazar barada maglumat almak we eksport bäsdeşligini gazanmak ýaly ugurlarda okuwlar guralar. 

Merkezi binasy Londonda ýerleşýän “Crown Agents” ösüş kompaniýasynyň maslahatçysy Jonatan Ýan Walden tarapyndan geçiriljek okuw-türgenleşiginiň soňunda oňa gatnaşyjy kiçi we orta göwrümli telekeçiler eksport mümkinçilikleri barada maglumatlaryny artdyrar, eksportda üstünlik gazanmaga gönükdirjek esasy ädimleri öwrener, täze bazarlara girmekde we harytlary eksport etmekde dogry başarnyklary ulanmaga ukyply bolar diýlip, bankyň çakylyk hatynda aýdylýar. 

Çärede gatnaşyjylaryň okuwlaryň dowamynda öwrenen başarnyklaryny kämilleşdirmek maksady bilen 90 minutlyk bire-bir sessiýalar hem geçiriler.

Okuw-türgenleşigine gatnaşmak isleýän taraplaryň anketalary 23-nji sentýabra çenli kabul ediler.

2022