Ähmiýetini ýitirmejek esasy iş ugurlary

BT
Ähmiýetini ýitirmejek esasy iş ugurlary
Häzirki wagtda emeli zehin iş ugrunda dünýäde bary ýogy 22,000 töweregi kämil hünärmeniň işleýär.

Ykdysady ýagdaýlaryň yzygiderli üýtgemegi dürli iş ugurlaryndan işgär çykarylmagynyň sanyny köpeldýär. Käbir iş ugurlarynyň bolsa yzygiderli kämilleşýän tehnologiýalaryň esasynda rowaç almagyna garaşylýar. Iş ugurlary boýunça dürli gözlegleri geçirýän “PayScale” kompaniýasynyň ýakynda ýaýradan maglumatyna görä, bulut maglumat ulgamy, emeli zehin, kiberhowpsuzlyk, maglumat seljermesi we sanly marketing ýaly iş ugurlarynda zähmet çekýän hünärmenleriň iş orunlaryna getirilýän gysgaltmalardan täsirlenmejekdigi aýdylýar.

“Bulut maglumat ulgamy (Cloud computing) ägirt tehnologiýa kompaniýalarynyň üns merkezinde bolmak bilen häzirki zaman ykdysadyýetiniň esasy girdejili ugurlarynyň biridir” diýip, “PayScale” kompaniýasynyň seljerme boýunça direktory Sudarşan Sampat “Yahoo Finance” neşirine aýtdy.

“Amazon” we “Microsoft” ýaly tehnologiýa kompaniýalarynyň esasy girdejilerini bulut hyzmatlaryndan alýandyklaryny bellän Sampat bulut maglumat ulgamynda işlemegiň kompaniýalaryň çykdajylaryny azaldýandygyna ünsi çekdi.

Häzirki wagtda emeli zehin iş ugrunda dünýäde bary ýogy 22,000 töweregi kämil hünärmeniň işleýändigi barada maglumat beren Sampat bu ýagdaýyň emeli zehin bilen meşgullanýanlaryň ähmiýetini ýokarlandyrjakdygyny belledi.

Maglumatyň görnüşiniň we sanynyň köpelmegi ony gorap saklamagy hem kynlaşdyrýar. Sanly maglumatlaryň köplügi bolsa kiberhowpsuzlyk ulgamynda işleýän hünärmenleriň ähmiýetini has hem ýokarlandyrýar.

“Facebook” we “Equifax” ýaly uly göwrümli kompaniýalara edilen kiber hüjümler bu iş ugrunyň wajyplygyny has hem ýokarlandyrýar diýip, Sampat sözlerine goşdy.

Uly göwrümli maglumatlary seljermäge ukyply bolan hünärmenleriň gymmatlydygyny aýdan Sampat olaryň ummasyz maglumat gorlaryny niýetlenişine görä ulanmaga mümkinçilik döredýändigini aýtdy.

“PayScale” kompaniýasynyň maglumatyna görä, iş orunlaryndaky azaltmalaryň täsir etmejegi bäşinji ugur bolan sanly marketing, esasan, onlaýn maglumatlar esasynda alnyp barylýar.

Iş ýerlerinde wezipelere däl-de, başarnyklara üns berilmeginiň iş orunlarynyň azaldylýan döwründe ähmiýetli täsir etjekdigi kompaniýanyň maglumatynda beýan edilýär.

2022