Aşgabatda ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-azerbeýjan hökümetara toparynyň mejlisinde iki ýurduň arasynda awtomobil-parom we demirýol-parom gatnaşyklaryny ösdürmek bilen bagly meselelere seredildi.
Şeýle hem anna güni geçirilen bu bäşinji mejlisde iki ýurduň howa giňişlikleri arkaly ulag hereketleriniň amala aşyrylmagy boýunça degişli amallaryň işjeňleşdirilmegine gyzyklanma bildirildi.
Duşuşykda taraplar Baku şäherinde Türkmenistanyň Söwda öýüniň, Aşgabatda Azerbaýjanyň Söwda öýüniň açylmagynyň, haryt dolanyşygyny giňeltmegiň we bilelikde dürli ugurly kärhanalary döretmegiň mümkinçilikeriniň üstünde durup geçdiler.
Şol sanda, özara hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň hatarynda energetika ulgamy görkezildi. Türkmenistan we Azerbaýjan uglewodorod çig malynyň ägirt uly gorlaryna we häzirki zaman pudaklaýyn düzümlere eýe bolmak bilen dünýä bazarlaryna energiýa göterijilerini ibermegiň ýollaryny köpugurlaşdyrmak ugrunda çykyş edilýändigi bellendi.
Gepleşikleriň barşynda Ýewropa çykalgaly Owganystan-Türkmenistan-Azerbaýjan-Gruziýa-Türkiýe (Lazurit) halkara ulag geçelgesiniň ähmiýeti bellenilip, bu geçelge Merkezi we Günorta Aziýanyň, Hazaryň we Gara deňziň ýakalarynyň, Ortaýer deňziniň sebitlerini öz içine alýan giň geoykdysady giňişlikde söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam berjekdigi nygtaldy.
Taraplar ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň indiki mejlisini geljek ýyl Baku şäherinde geçirmek barada ylalaşdylar.