Gurluşyk serişdeleriniň önümçiliginiň artdyrylmagy üns merkezinde

BT
Gurluşyk serişdeleriniň önümçiliginiň artdyrylmagy üns merkezinde
Döwlet Baştutanymyz daşary döwletlere iberilýän önümleriň öndürilişini artdyrmagyň wajypdygyny nygtady.

Ministrler Kabinetiniň anna güni geçirilen giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gurluşyk serişdeleriniň öndürilýän mukdaryny artdyrmak boýunça teklipleri taýýarlamagyň zerurdygyna ünsi çekdi.

Mejlisde wise-premýer G.Myradow şu ýylyň ilkinji sekiz aýynda ähli ministrlikler we pudak edaralary boýunça geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önümiň 6,8 göterim artyp, ykdysadyýetiň pudaklarynda ýokary önümçilik netijeleri gazanylandygyny öz hasabatynda aýtdy.

Ýanwar-awgust aýlarynda 2018-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, bölek satuw haryt dolanyşygynyň 19,1 göterim artandygyny we daşary söwda dolanyşygynyň möçberiniň 1,2 göterim ýokarlanandygyny aýdan Myradow geçen döwürde jemi 1578,3 million manat möçberde düýpli maýa goýumlarynyň özleşdirilendigini hem habar berdi.

Hasabaty diňlän döwlet Baştutanymyz gurluşyk serişdeleriniň öndürilýän mukdaryny artdyrmak boýunça teklipleri taýýarlamagyň zerurdygyna ünsi çekdi hem-de ýurdumyzyň senagatlaşdyrylmagyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň hem-de daşary döwletlere iberilýän önümleriň öndürilişini artdyrmagyň wajypdygyny nygtady.