Aşgabatda BOMCA-nyň sebit ýolbaşçysy bilen duşuşyklar geçirildi

BT
Aşgabatda BOMCA-nyň sebit ýolbaşçysy bilen duşuşyklar geçirildi
BOMCA-9 Maksatnamasy – Ýewropa Bileleşiginiň we BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň sebit boýunça alyp barýan işleriniň iň ähmiýetlileriniň biridir.

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda hem-de Döwlet migrasiýa gullugynda Merkezi Aziýada serhetleri dolandyrmak Maksatnamasynyň (BOMCA-9) sebitleýin ýolbaşçysy Maris Dominş bilen duşuşyklar geçirildi.

13-nji sentýabrda geçen duşuşyklarda Maksatnamanyň 9-njy tapgyrynyň çäklerinde Türkmenistanda serhetleri dolandyrmak işiniň halkara resminamalaryna we hereket edýän kanunçylyga laýyklykda öňdebaryjy dünýä tejribesiniň göz öňünde tutulmagy bilen amala aşyrylmagy, şeýle hem onuň yzygiderli kämilleşdirilmegi boýunça zerur çäreleriň görülmegi maslahatlaşyldy.

BOMCA-9 Maksatnamasy – Ýewropa Bileleşiginiň we BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň sebit boýunça alyp barýan işleriniň iň ähmiýetlileriniň biridir.

2003-nji ýylda başlan BOMCA-9 Maksatnamasynyň baş ýörelgesi Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we olara goňşy döwletleriň özara ykdysady ösüşine hem-de bu sebitiň ýurtlary bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky söwda gatnaşyklarynyň ösüşine we durnuklylygyna ýardam bermekden ybarat bolup durýar.