Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda duşenbe güni ýyllyk kuwwaty 93 müň tonna un öndürýän kärhana açyldy.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Ýurtgeldi Şükürowa degişli bolan täze kärhana telekeçiniň özüne degişli bolan 3 gektar meýdanyň bir böleginde guruldy.
Kärhanada öz topragymyzda ýetişen guşgursak ak bugdaýy gaýtadan işlenilmegi bilen öndüriljek ýokary hilli un 50, 45, 25, 10, 5, 2 we 1 kilogram gaplara gaplanyp ilata ýetiriler.
Geljekde önümçiligiň ikinji tapgyrynda çörek öndürmek boýunça desgany gurmagy maksat edinýändigini mälim eden Şükürow: “Bu desganyň gurlup işe girizilmegi bilen, kärhanada ýylda 10 müň tonna çörek öndürmäge şert dörär” diýip, sözüniň üstüni ýetirdi.
Gündelik 300 tonna un öndürmäge ukyply bolan kärhanada hünärmenleriň 50 sanysy üçin iş orny döredildi.