Azerbaýjan türkmen gazyny üstaşyr geçirmekde goldaw bermäge taýyn

BT
Azerbaýjan türkmen gazyny üstaşyr geçirmekde goldaw bermäge taýyn
Hikmet Hajyýew: “Türkmen gazynyň daşalmagynda Azerbaýjan üstaşyr geçiriji ýurt bolup biler”. Surat: “Trend”

Azerbaýjan hökümeti türkmen gazyny üstaşyr geçirmek boýunça teklibi gözden geçirmäge taýyn. “Trend” agentliginiň habaryna görä, Azerbaýjanyň Prezidentiniň diwanynyň daşary işler boýunça bölüminiň başlygy Hikmet Hajyýew sişenbe güni “Asyryň ylalaşygynyň” 25 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen seminaryň dowamynda bu barada beýan etdi.

Türkmen gazyny Azerbaýjanyň üstünden geçirmek baradaky soňky netijäniň eksport we import ediji ýurtlara degişlidigini aýdan Hajyýew: “Türkmen gazynyň daşalmagynda Azerbaýjan üstaşyr geçiriji ýurt bolup biler. Emma bu karary eksport we import ediji ýurtlaryň özleri almaly. Degişli ylalaşyga gelenlerinden soňra Azerbaýjan özüniň üstaşyr ýurt hökmünde gatnaşygyny gözden geçirip biler” diýdi.

Bu barada Azerbaýjanyň Energetika ministriniň orunbasary Elnur Soltanow Transhazar gaz geçirijisi taslamasynda Azerbaýjanyň ornunyň anykdygyny aýdyp: “Bu taslamada gürrüň Azerbaýjanyň gazy barada gidenok. Biz, eger inisiatiwa berlen ýagdaýynda, gazy üstaşyr geçirmekde goldaw bermäge taýyn” diýip belledi.

Geçen ýylyň 12-nji awgustynda Hazarýaka ýurtlary tarapyndan kabul edilen Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýa Transhazar gaz geçirijisine — türkmen gazyny Azerbaýjan we şol ýerden Günbatar Ýewropanyň bazarlary bilen baglanyşdyrýan Hazar deňzinden geçýän suwasty gaz geçirijisiniň gurluşygyna ýol açdy.

Üstümizdäki ýylyň awgust aýynda geçirilen birinji Hazar ykdysady forumynyň dowamynda ýewro-hytaý konsorsiumynyň wekili Edison Kasapoglu uzynlygy 300 kilometr bolan gaz geçirijisini çekmek boýunça türkmen tarapyna teklip hödürledi. Taraplar bu taslamany jikme-jik ara alyp maslahatlaşmak we Türkmenistandaky täze maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek boýunça häzirki we geljekki mehanizmleri öwrenmek maksady bilen ýakyn geljekde ýene duşuşyk geçirmek barada ylalaşypdylar.

2022