ÝTÖB-niň Aşgabatdaky täze wekili DIM-däki duşuşyga gatnaşdy

BT
ÝTÖB-niň Aşgabatdaky täze wekili DIM-däki duşuşyga gatnaşdy
Duşuşykda ÝTÖB-niň 2019-2024-nji ýyllar üçin Türkmenistan boýunça strategiýasyna seredildi.

Çarşenbe güni Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Bankynyň (ÝTÖB) Merkezi Aziýa boýunça Sebitleýin direktory Nil MakKeýniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşyga bankyň Aşgabatdaky wekilligine täze bellenen Fatih Türkmenoglu hem gatnaşdy.

DIM-niň metbugat beýanatyna görä duşuşygyň dowamynda ÝTÖB-niň 2019-2024-nji ýyllar üçin Türkmenistan boýunça strategiýasyna seredildi, şeýle hem taraplar Türkmenistanyň we bankyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň uzakmöhletleýin häsiýetini kanagatlanma bilen belläp geçdiler.

Gepleşikleriň barşynda durnuklylygyň we ykdysady ösüşiň pugtalandyrylmagynda Türkmenistan tarapyndan durmuşa geçirilýän tagallalaryna üns çekilip, awgust aýynda geçirilen Birinji Hazar ykdysady forumyna ÝTÖB-niň Wise-prezidentiniň gatnaşandygy bellenildi.

2012-nji ýylda ÝTÖB-niň düzümine goşulan Türkmenoglu iýul aýynyň 10-na kabul edilen ÝTÖB-niň 2019-2024-nji ýyllar üçin Türkmenistan boýunça strategiýasynyň durmuşa geçirilmegine gözegçilik eder.

2022