“Şawat” 4 million manada golaý önüm öndürdi

BT
“Şawat” 4 million manada golaý önüm öndürdi
“Şawat”-da her gün 15 tonna süýt gaýtadan işlenilip, gaýmak, süýt, dorag, aýran, gatyk, peýnir önümleriniň 20 görnüşi öndürilýär.

Daşoguz şäherindäki süýt önümlerini öndürýän “Şawat” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti şu ýylyň ilkinji sekiz aýynda 842 tonna süýdi gaýtadan işledi. Şeýlelikde kärhanada dürli görnüşli süýt önümleriniň 3 million 730 müň manatdan gowragy öndürildi.

“Şawat”-da her gün 15 tonna süýt gaýtadan işlenilip, gaýmak, süýt, dorag, aýran, gatyk, peýnir önümleriniň 20 görnüşi öndürilýär. Kärhanada işgärleriň 50-ä golaýy zähmet çekýär.

1978-nji ýylda Daşoguz şäherinde işe başlan bu kärhana, 2014-nji ýylda maýa goýum bäsleşiginde jemgyýetiň 100% paýnamasyny “Ýüpek Ýoly Gurluşyk” hojalyk jemgyýeti tarapyndan satyn alyndy.

Hususylaşdyrmagyň netijesinde täze döwrebap önümçülik binasy guruldy. Bu önümçülik binasynda döwrebap talaplara we dünýä standartlaryna gabat gelýän önümleriň ençemesi öndürilýär. Önümler “Şawat” haryt nyşanly gaplarda welaýatyň we ýurduň beýleki künjeklerindäki söwda nokatlaryna iberilýär.