Mary welaýatynyň we Eýran Yslam Respublikasynyň Horasan-e-Rezawi welaýatynyň arasyndaky söwda-ykdysady ulgamyndaky özaragatnaşyklar netijeli dowam edýär.
Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde penşenbe güni Eýran Yslam Respublikasynyň Mary şäherindäki täze Baş konsuly Rasul Jafari bilen geçirilen duşuşykda bellenilip geçildi diýlip, DIM-niň metbugat beýanatynda aýdylýar.
Rasul Jafari Eýranyň Mary şäherindäki Baş konsuly wezipesine bellenilmegi bilen baglylykdaky ýakymly arzuwlary üçin türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirip, iki doganlyk ýurtlaryň arasynda medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak babatynda sebitiň ähmiýetine ünsi çekdi.
Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň we Eýranyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini belläp geçdiler. Diplomatlar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň syýasy, söwda-ykdysady we ynsanperwerlik ugurlary dogrusynda gürrüň etdiler.
Mary welaýatynyň we Horasan-e-Rezawi welaýatlarynyň häkimleriniň arasynda 2015-nji ýylyň mart aýynda Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhaniniň Türkmenistana döwlet saparynyň çäklerinde özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilipdi.