“Hazar bäşliginiň” ýurtlarynyň Hazar deňziniň hukuk derejesi hakynda Konwensiýany kabul etmek bilen sebitde syýasy durnuklylygy üpjün edendigini Azerbaýjanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Halaf Halafow aýtdy. Bu barada “Interfaks-Azerbaýjan” habar berýär.
“Häzirki gün hazarýaka ýurtlarynyň arasynda hiç hili düşünişmezlik ýok" diýip, Halafow Bakudaky “Caspian Energy Forum-2019” forumynda aýtdy. "Hazar boýunça Konwensiýanyň kabul edilmegi syýasy durnuklylygy we özara düşünişmegi üpjün etdi, hazarýaka ýurtlarynyň arasynda kämil hukuk çarçuwasyny döretdi, olaryň çäklerinde bu ýurtlar öz gatnaşyklaryny düzgünleşdirip bilýär. Şunuň bilen birlikde, bu ykdysady gatnaşyklarymyz üçin hem amatly binýat döretdi”.
Onuň aýtmagyna görä, Konwensiýa ykdysady we howpsuzlyk babatdaky bähbitleriň bitewi bolmagyny göz öňünde tutýar, bu bolsa “biziň üçin, halklarymyz üçin hyzmatdaşlygy ösdürmäge gowy mümkinçilik bolup durýar”.
“Şunuň bilen baglylykda, Azerbaýjanyň Russiýa, Eýran, Türkmenistan we Gazagystan bilen özara dostlukly gatnaşyklary Konwensiýanyň kabul edilmegine ýardam etdi diýip hasaplaýaryn. Elbetde, döwletleriň syýasy erki hem öz goşandyny goşdy” diýip, diplomat aýtdy.
Türkmenistanda geçirilen birinji Hazar ykdysady forumynyň çäklerinde “hazar bäşliginiň” ýurtlarynyň Hazarda ulag, energetika, kommunikasiýa babatda uly taslamalary durmuşa geçirmek boýunça öz erk-isleglerini biragyzdan beýan edendigini ministriň orunbasary belledi.
“Biz Hazarda halkara hyzmatdaşlygy goldamaga taýýar. Şunuň bilen baglylykda, ýurtlarymyzyň hünärmenleri bu meselede merkezi orny eýeläp, bu hyzmatdaşlygyň ösmegine goşant goşup biler” diýip, Halafow belledi.
“Biz geljekde hem ýurtlarymyza täze mümkinçilikleri açjak täze transhazar taslamalaryny durmuşa geçirmek boýunça hyzmatdaşlygymyzy dowam edip bileris. Gazanylan ylalaşyklar ýurtlaryň ählisine ulag we kommunikasiýa nukdaýnazaryndan dünýä bazarlaryna çykalgalara deň derejede eýe bolmaga mümkinçilik berer” diýip, ol sözüniň üstüne goşdy.
Hazaryň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýa 2018-nji ýylyň 12-nji awgustynda Gazagystanyň Aktau şäherinde geçirilen 5-nji Hazar sammitinde Türkmenistanyň, Russiýanyň, Gazagystanyň, Azerbaýjanyň we Eýranyň prezidentleri tarapyndan gol çekildi.