"HANCOFFEE" önümleriniň aýda 4 tonnasy ýerli bazara hödürlenýär

BT
"HANCOFFEE" önümleriniň aýda 4 tonnasy ýerli bazara hödürlenýär
"HANCOFFEE" haryt nyşanly önümleriň hataryna süýtli kofe, cappuccino, 3'i 1'inde ýaly kofe görnüşlerini goşmak ugrunda işler alnyp barylýar.

Türkmenistanyň dürli künjegindäki bazarlardyr söwda merkezleriniň ýerli önümler bilen doldurylmagy, halkyň alyjylyk güýjüni hem ýokarlandyrýar. Munuň esasy sebäpleri bolsa ýerli harytlaryň bahasynyň arzanlygy we daşary ýurtdan getirilýän önümlere hil taýdan bäsdeşlik döretmegi bolup durýar.

Azyk pudagynyň gündelik we yzygiderli tükedilýän önümleriniň biri bolan kofe hem häzirki wagtda türkmen telekeçileri tarapyndan – ýerli haryt nyşanlarynyň astynda – ýerli bazara goýberilýär. Türkmenistanlylaryň kofe endiklerinden ugur alnyp şekillendirilýän ýerli kofe harytlary takyk bazar seljermesiniň netijesinde taýýarlanylyp, satuw nokatlaryna ýerleşdirilýär.

Bu pudakda iş alyp barýan “Emeldar” hususy kärhanasy hem awgust aýyndan bäri "HANCOFFEE" haryt nyşanly kofe önümlerini içerki bazara paýlaýar.

2014-nji ýylda esaslandyrylan hususy kärhananyň ýolbaşçysy Kakajan Çaryýew “Biznes Türkmenistan” neşirine beren beýanatynda kofe önümleriniň aýda 4 tonnasyny bazara hödürleýändiklerini mälim etdi.

Hususy kärhananyň ýyllyk önümçilik kuwwatynyň 185 tonna kofe önümlerine barabardygyny aýdan Çaryýew: “Bu ulgamda iş alyp barmagymyzyň düýp sebäplerinden biri hem daşary ýurtlardan gelýän gymmat bahaly önümleriň ýerini tutýan arzan bahaly kofe önümlerimizi ilatymyza ýetirmekden ybarat bolup durýar” diýdi.

Çaryýew “Emeldar” hususy kärhanasynyň kofe önümleriniň ýokary hilli kofe dänelerinden taýýarlanýandygyna ünsi çekip, bu faktoryň "HANCOFFEE" haryt nyşanly kofe önümleriniň esasy aýratynlygydygyny nygtady.

Häzirki wagtda kärhanada harytlaryň hilini has ýokarlandyrmak, şeýle hem "HANCOFFEE" haryt nyşanly önümleriň hataryna süýtli kofe, cappuccino, 3'i 1'inde ýaly kofe görnüşlerini goşmak ugrunda işler alnyp barylýar.

“Içerki bazardan meýilleşdirilen netijäni alanymyzdan soňra kofe önümlerimizi GDA-nyň ýurtlaryna we goňşy döwletler bolan Eýran we Owganystana eksport etmegi göz öňünde tutýarys” diýip, Çaryýew söhbetdeşligiň dowamynda belläp geçdi.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy “Emeldar” hususy kärhanasy gurluşyk, gurluşyk-gurnama we abatlaýyş işleri, söwda, azyk önümleriniň önümçiligini ýola goýmak ýaly ugurlarda iş alyp barýar. 

2022