“Içäý” sowuk çaýlary ekologiýa zyýansyz gaplarda öndürilýär

BT
“Içäý” sowuk çaýlary ekologiýa zyýansyz gaplarda öndürilýär
Ekologiýa zyýansyz karton gutularyna gaplanan sowuk çaýlaryň birinji tapgyrynda iki görnüşi – limon tagamly gök çaý we şetdaly tagamly gara çaý ýerli bazara paýlanyldy.

“Ak ýaprak” hojalyk jemgyýeti alkogolsyz we gazsyz içgi önümleriniň hataryna täzesini goşdy.

Kompaniýa sentýabr aýynyň başyna “Içäý” haryt nyşanly sowuk çaýlary öndürmäge başlady. “Tetra Pak” kompaniýasynyň aseptik, FSC sertifikaty bolan ekologiýa zyýansyz karton gutularyna gaplanan sowuk çaýlaryň birinji tapgyrynda iki görnüşi – limon tagamly gök çaý we şetdaly tagamly gara çaý ýerli bazara paýlanyldy.

“Biznes Türkmenistan” neşirine “Ak ýaprak” HJ-niň täze önümi barada maglumat beren kompaniýanyň direktory Merdan Mämmetsähedow “Içäý” sowuk çaýlarynyň Türkmenistanyň 5 welaýatyna hem ugradylandygyny belledi.

Ýakynda täze brendiň düzümine malina tagamly sowuk çaýy we sada gök çaýy goşmagy göz öňünde tutýandyklaryny aýdan Mämmetsähedow esasy maksatlarynyň içerki bazary doly üpjün etmekdigini nygtady.

“Içäý” haryt nyşanly sowuk çaýlary ISO 9001 HACCP hil we iýmit howpsuzlygynyň talaplaryna gabat gelýär. “Ak ýaprak” HJ sowuk çaýdan başga “7gün” haryt nyşanly miwe şirelerini hem öndürýär. 

2022