“Biznes Türkmenistan” Döwlet haryt çig-mal biržasynyň harytlaryny sanly ulgama geçirdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Biznes Türkmenistan” Döwlet haryt çig-mal biržasynyň harytlaryny sanly ulgama geçirdi
“Katirowkalar” bölüminde iş günlerinde biržada satuwa çykarylýan önümleriň elektron sanawy bilen üç dilde tanyşmaga mümkinçilik döredildi.

Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynda satuwa çykarylýan önümleriň sanawy ilkinji gezek “Biznes Türkmenistan” internet neşiriniň websaýtynda sanly ulgama geçirildi.

Websaýtyň gündelik täzelenip durýan “Katirowkalar” bölüminde iş günlerinde biržada satuwa çykarylýan gurluşyk, maşyngurluşyk, nebit-himiýa, oba hojalyk we ýeňil senagat önümleriniň elektron sanawy bilen üç dilde tanyşmaga mümkinçilik döredildi.

TDHÇMB-nyň söwdalaryna gatnaşmak isleýän taraplar bu e-sanawdan harydyň görnüşine, ölçeg birligine, töleg şertine, iberiliş şertine, harydyň ýerleşýän nokadyna, öndüriji ýurduna, dellalyň belgisine, niýetlenen bazar görnüşine we söwdanyň pul birligine görä gözleg geçirip bilerler.

TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikler hepdelik görnüşde jemlenýär. Birža katirowkalarynyň soňky bäş gününiň arhiwiniň saklanmagy bolsa, neşiriň sanly ulgama geçiren sanawynyň esasy aýratynlyklarynyň biri bolup durýar. Şeýlelikde, satyn alyjy sahypa üýtgetmezden bir hepdäniň dowamynda haýsy harytlaryň söwdalara çykarylandygyny görmäge, gündelik yzarlamaga mümkinçilik alýar.

Sentýabr aýynyň 16-na ýola goýlan täze sanly ulgam Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berimuhamedowyň geçen ýylyň noýabr aýynda tassyklan Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasynyň çäklerinde ýerine ýetirilýän işlere goşant goşmak bilen TDHÇMB-nyň harytlaryna isleg bildirýän ýerli we daşary ýurtly alyjylara ýeňillik döredýär.

Türkmenistanyň Döwlet haryt - çig mal biržasy eksport-import amallaryny döwlet tarapyndan düzgünleşdirýän Türkmenistanyň möhüm ykdysady instituty bolup durýar. Bu edara 1994-nji ýylyň iýul aýynyň 29-yna Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugy bilen döredildi.

Biržada isleg bildirilýän esasy önümleriň arasynda Türkmenistanyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlarynyň we dokma senagatynyň harytlary öňdäki orunlary eýeleýär.

“Biznes Türkmenistan” internet neşiri Türkmenistandaky we dünýäniň dürli künjegindäki okyjylara biznes maglumatlaryny, habarlary we analizleri  rejeli ýagdaýda hem-de türkmen, iňlis we rus dillerinde ýetirip durýar. Türkmenistanda hasaba alnan bu neşir 2019-njy ýylda döredilip, baş edarasy Aşgabat şäherinde ýerleşýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022