Gyrgyzystan türkmen dokma, senagat we azyk önümlerine gyzyklanma bildirdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Gyrgyzystan türkmen dokma, senagat we azyk önümlerine gyzyklanma bildirdi
Sentýabrda Bişkekde gyrgyz-türkmen biznes-forumy geçirildi.

Gyrgyzystan türkmen dokma, senagat we azyk önümlerine gyzyklanma bildirdi.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinde (TSTB) sişenbe güni Gyrgyzystanyň Oba hojalyk, azyk senagaty we ýer suwaryş ministrliginiň wekiliýeti bilen geçen duşuşykda bu barada agzaldy.

Gyrgyzystanyň bu ulgamynyň ministriniň orunbasary Amangeldi Isaýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet TSTB-niň ýolbaşçysy Aleksandr Dadaýew bilen duşuşdy.

Duşuşykda myhmanlary türkmen işewürleriniň dürli ugurlarda alyp barýan işleri bilen tanyşdyran A.Dadaýew, Birleşmäniň agzalarynyň eksport mümkinçilikleri barada hem agzap geçdi.

Şeýle hem gyrgyzystanly myhmanlar öz ýurtlarynyň telekeçileriniň eksport mümkinçilikleri, hususan-da, gök-önüm we bal ary önümlerini ýurdumyza ibermek barada agzap geçdi.

Gyrgyz myhmanlar TSTB-niň agzalarynyň öndürýän dokma, senagat we azyk önümlerine aýratyn gyzyklanma bildirýändigini bellediler.

Duşuşygyň barşynda taraplar özara hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alşyp, söwda gatnaşyklaryny mundan beýläk hem ösdürmäge ünsi çekdiler.

Şu ýylyň sentýabr aýynda Bişkek şäherinde türkmen-gyrgyz biznes forumy geçirildi. Forumda ýylyň ilkinji ýedi aýynda Gyrgyzystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda dolanyşygynyň 6,5 million dollara barabar bolandygy bellendi.

2022