Türkmen wekiliýeti Birleşen Patyşalygyň oba hojalyk tejribesini öwrenýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen wekiliýeti Birleşen Patyşalygyň oba hojalyk tejribesini öwrenýär
Türkmen wekiliýeti ýurduň Daşky gurşaw, azyk harytlary we oba hojalygy ministrliginde hem ýerli bilermenler bilen pikir alyşdylar.

Türkmenistanyň Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministriniň we Ahal welaýatyň häkiminiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti duşenbe güni London şäherinde Beýik Britaniýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistan boýunça Ýörite söwda wekili Baronessa Emma Nikolson bilen duşuşyk geçirdiler.

Şol gün türkmen wekiliýeti ýurduň Daşky gurşaw, azyk harytlary we oba hojalygy ministrliginde hem ýerli bilermenler bilen pikir alyşdylar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat beýanatyna görä, duşuşyklaryň dowamynda taraplar oba hojalykda sanly ulgamdan peýdalanmak, öndürijiligi ýokarlandyrmak, iki ýurduň oba hojalyk boýunça okuw jaýlarynyň arasynda tejribe we ylmy barlaglary alyşmak babatda meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Birleşen Patyşalyga saparynyň çäklerinde türkmenistanly wekiliýet sişenbe güni Demirgazyk Irlandiýanyň birnäçe ylmy-barlag merkezlerine hem baryp gördi.

Günüň birinji ýarymynda Türkmenistanyň wekiliýeti Oba hojalygy we telekeçilik boýunça kolleje bardy we onuň direktory bilen duşuşdy. Ol ýerde türkmen wekilleri kollejiň barlag we okuw desgalary hem-de olaryň alyp barýan işleri bilen tanyşdylar.

Günüň ikinji ýarymynda türkmen wekiliýeti “Mowanager” balyk hojalygynyň işi bilen tanyşdyryldy.

Mundan başga-da, wekiliýet iş saparynyň çäklerinde Oba iýmit senagaty we biologiki ylymlary instituty we Global azyk haryt howpsuzlygy instituty bilen tanyşmaklygy hem meýilleşdirýär.

2022