“Erjel-Begenç” emeli mermer önümçiligini ýola goýdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Erjel-Begenç” emeli mermer önümçiligini ýola goýdy
Kärhanada diwarlar üçin bezeg plitalarynyň dürli görnüşleri, ugurdaş önümler, hususy jaýlaryň içki howlularyny bezemek üçin plitalar öndürilýär.

“Erjel-Begenç” hususy kärhanasy sementden, çagyldan we ýuwlan çägeden emeli mermer önümleriniň önümçiligini ýola goýdy. Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda ýerleşýän kärhana emeli mermeri öndürmek üçin Russiýadan getirilen öňdebaryjy tilsimatlar bilen üpjün edilen.

Häzirki zaman tehnikasynyň kömegi bilen kärhananyň hünärmenleri diwarlar üçin bezeg plitalarynyň dürli görnüşlerini, ugurdaş önümleri, aýratyn hem hususy jaýlaryň içki howlularyny bezemek üçin plitalary, şeýle-de uly ýollar we şäher ýanýodalary üçin bordýur plitalary öndürýär.

Kärhananyň hünärmeni Ogulşeker Goçyýewa “Neýtralnyý Türkmenistan” gazetine beren beýanatynda mermer plitalaryň içki we daşky işlerde giňden ulanylýan bezeg serişdeleriniň biridigini aýtdy. “Bu plitalar haşamly restoranlaryň içini, zallary we ýaşaýyş jaýlarynyň myhman otaglaryny gelşikli bezemek üçin juda laýyk bolup, olaryň içine hem owadanlyk hem rahatlyk çaýýar” diýip belleýän Goçyýewa berk we ekologiýa taýdan arassa daşyň kömegi bilen sütünler, arkalar, basgançaklar, peçler, heýkeller, stoluň üstki tagtasy, bezelýär diýdi.

“Erjel-Begenç” hususy kärhanasy tarapyndan öndürilýän bu önümler, meşhur kompaniýalaryň enjamlarynda öndürilýär. Kärhananyň önümleri häzirki günde ýurdumyzyň dürli künjeklerine ugradylýar.

2022