Türkmenistanyň Prezidenti Russiýanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady
Hoşniýetli goňşuçylyk hem-de özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan türkmen-russiýa gatnaşyklarynyň barha okgunly häsiýete eýe bolýandygyny kanagatlanma bilen bellendi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putini doglan güni bilen gutlady hem-de berk jan saglyk, bagt we abadançylyk, şeýle hem Russiýa Federasiýasynyň dostlukly halkynyň bähbidine ähli başlangyçlarynda we tagallalarynda täze üstünlikler arzuw etdi.

Telefon arkaly geçirilen söhbetdeşlikde iki ýurduň Liderleri strategiki hyzmatdaşlyk ýörelgelerinde guralýan döwletara gatnaşyklarynyň üýtgewsiz dostlukly, oňyn we ynanyşmak häsiýetini kanagatlanma bilen bellediler.

Hoşniýetli goňşuçylyk hem-de özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan türkmen-russiýa gatnaşyklarynyň barha okgunly häsiýete eýe bolýandygyny kanagatlanma bilen bellän Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ikitaraplaýyn hyzmatdaşlykda uly üstünlikleriň gazanylmagynda Russiýanyň Lideriniň şahsy goşandyny hem-de hemmetaraplaýyn goldawyny aýratyn belledi.

Söhbetdeşligiň dowamynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-russiýa Hökümetara toparynyň ornuna üns çekilip, bu toparyň geljegi uly hyzmatdaşlyk ugurlaryny işläp taýýarlamaga ýardam bermelidigi nygtaldy. Iki ýurduň ykdysadyýetleri üçin hem strategiki häsiýete eýe bolan energetika pudagy, ulag ulgamy we beýlekiler hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň hatarynda görkezildi.

Telefon söhbetdeşleginiň barşynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Wladimir Putin öňümizdäki anna güni Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde GDA gatnaşyjy ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň Aşgabatda geçiriljek mejlisiniň gün tertibine degindiler.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022