“Türkmenhimiýa” döwlet konserniň “Maryazot” önümçilik birleşiginde ýokary talaply önüm bolan reagentiň – suwuk kaustik sodanyň önümçiligine başlandy.
Bu ýokary islegli reagentiň önümçiligi üçin kärhananyň hünärmenleri ýerli çig maly işleýän tejribe-senagat gurnamasyny işläp taýýarladylar we gurluşygyny amala aşyrdylar. Suwuk kaustik öndürmek üçin wagtlaýyn tehnologiki programmany öndürijiler Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň “Tebigy we gidromineral çig malyň himiýasy we tehnologiýasy” barlaghanasy bilen bilelikde ornaşdyrdylar.
Alymlar gidroksid natriniň ergininiň hek bilen alynýan görnüşini barlaghana şertlerinde synagdan geçirdiler. Häzirki wagtda “Maryazot” ÖB-de öndürilýän reagent TDS-2263-79 standartlaryň talabyna laýyk gelýär we ýurdumyzyň himiýa we nebit-gaz pudaklarynda ulanylar.
Gidroksid natriý (kostik soda) himiki reaksiýalaryň katalizatory hökmünde, dokmaçylykda wiskoza ýüpegi öndürilende we matalar agardylanda, hojalyk üçin zerur bolan himiýa önümleriniň önümçiliginde, lukmançylykda we derman senagatynda, suw çykaryş we suw arassalaýyşda giňden ulanylýar.