Ykdysady hyzmatdaşlyk baradaky Jarnama sanly ulgamy öz içine alar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Ykdysady hyzmatdaşlyk baradaky Jarnama sanly ulgamy öz içine alar
Lebedew: “Şu Jarnama GDA-nyň ýurtlarynyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygy tazeläp kämilleşdirer".

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda penşenbe güni geçirilýän Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisiniň öňüsyrasynda GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy – Ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedew žurnalistleriň soraglaryna jogap berdi.

Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde 2019-njy ýylda geçirilen çärelere umumy syn beren Lebedew ynsanperwer, ykdysady we beýleki meselelerde hyzmatdaşlyk bilen bagly GDA-nyň ýurtlaryny we halklaryny ýakyndan gyzyklandyrýan çözgütleriň kabul ediljekdigini belledi.

Strategiki ykdysady hyzmatdaşlyk hakyndaky Jarnamanyň ilkinji gezek 2017-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan hödürlenendigini aýdan Lebedew bu teklibiň gysga wagtyň içinde GDA-nyň ýurtlary tarapyndan goldanylandygyny nygtady.

Lebedew ykdysady ugurda hyzmatdaşlyk bilen bagly ýöredilýän resminamalara wagtyň geçmegi bilen täzelik girizmeli bolýandygyny aýdyp, Jarnamanyň GDA-nyň ýurtlarynyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygy tazeläp kämilleşdirjekdigini belledi.

Täze Jarnama sanly ykdysadyýet bilen bagly täzelikler girizildi. Lebedewe görä, bu Jarnamanyň geljek ýyllaryň dowamynda ýurtlaryň arasyndaky ykdysady gatnaşyklary ugrukdyrar.