Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen birnäçe agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlary bilen duşuşdy.
Mejlisiň öňýanynda döwlet Baştutany Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon, Gyrgyzystanyň Prezidenti Sooronbaý Žeenbekow, Belarusyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko we Ermenistanyň premýer-ministri Nikol Paşinýan bilen aýratynlykda geçiren duşuşygynda Arkalaşygyň çäklerinde, şeýle hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlykda dürli ugurlar boýunça gatnaşyklar barada pikir alyşdylar.
11-nji oktýabrda Arkalaşykda başlyklyk edýän ýurduň paýtagty hökmünde Aşgabat GDA döwletleriniň Baştutanlarynyň sammitini kabul edýär. 2019-njy ýylda Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmek derejesini bermek baradaky çözgüt birleşigiň ýokary guramasy — GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşi tarapyndan 2018-nji ýylyň 28-nji sentýabrynda Duşenbe şäherinde berildi.
Türkmenistanyň 2012-nji ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmek wezipesiniň hötdesinden abraý bilen gelendigi hem bu çözgüdiň kabul edilmegine ýardam etdi.
Türkmenistan 2019-njy ýylda bu düzümde başlyklyk etmek wezipesini ýene-de öz üstüne almak bilen, öz tagallalaryny däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmaga we ösdürmäge gönükdirdi. Şunuň bilen baglylykda, başlyklyk etmegiň Konsepsiýasy we ony durmuşa geçirmegiň meýilnamasy işlenilip taýýarlanyldy hem-de GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetine berildi.
Türkmenistanyň 2019-njy ýylda GDA-da başlyklyk etmegi GDA-nyň esasy resminamalaryna laýyklykda amala aşyrylýar we ozal kabul edilen halkara ylalaşyklary we çözgütleri yzygiderli durmuşa geçirmäge, hyzmatdaşlygyň gün tertibiniň many-mazmunyny baýlaşdyrmaga gönükdirilendir.