Türkmenistanyň Prezidenti GDA-ny owgan meselesinde utgaşykly işleşmäge çagyrdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti GDA-ny owgan meselesinde utgaşykly işleşmäge çagyrdy
Milli Liderimiz ykdysady taslamalary amala aşyrmakda Owganystana dostlukly döwletleriň has işjeň gatnaşmagynyň zerurdygyny nygtady.

Biziň bilelikdäki syýasy-diplomatik işimizde göz öňünde tutmaly zerur ýagdaýlarymyzyň biriniň Owganystan Yslam Respublikasyndaky ýagdaýlar bolup durýandygy görünýär diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Aşgabatda anna güni geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) döwlet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisinde bu barada agzan türkmen Lideri owgan ykdysadyýetiniň energetika, ulag-kommunikasiýa we senagat esaslaryny döretmäge hem-de pugtalandyrmaga gönükdirilen ykdysady taslamalary amala aşyrmakda Owganystana dostlukly döwletleriň has işjeň gatnaşmagynyň zerurdygyny nygtady.

Häzirki wagtda şu maksatlar bilen Türkmenistan owgan hyzmatdaşlar bilen bilelikde halkara taslamalarynyň birnäçesini amala aşyrýar. Şolaryň hatarynda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisi, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan ugry boýunça ýokary woltly elektrik geçiriji we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamy möhüm orun eýeleýär diýip, döwlet Baştutany belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti owgan meselesinde Arkalaşygyň döwletleriniň utgaşykly işlemeginiň esasy ugurlaryny kesgitlemek babatda ýakyn wagtda GDA döwletleriniň daşary işler ministrleriniň derejesinde syýasy geňeşmeleri geçirmegiň zerurdygy barada aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, GDA döwletleriniň hyzmatdaşlygynyň yklymdaky durnuklylygyň möhüm ýagdaýy hökmünde çykyş etmegine hem-de bu ýerde bolup geçýän ýagdaýlara oňyn täsir etmegine gönükdirilmelidigi bellendi.

2022