Sekiz aýda türkmen-eýran işewürlik gatnaşyklary 86 million dollara golaýlady

BIZNES TÜRKMENISTAN
Sekiz aýda türkmen-eýran işewürlik gatnaşyklary 86 million dollara golaýlady
S.Ataýew Türkmenistanyň Eýrana, esasan, guradylan gök önümlerini, mineral dökünleri, ýag alynýan ekinleriň tohumlaryny, pagta önümlerini we nah ýüplüklerini eksport edendigini aýtdy.

Şu ýylyň ilkinji sekiz aýynda Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň işewürleriniň arasyndaky söwda gatnaşyklary 86 million amerikan dollaryna golaý boldy.

Türkmenistanyň paýtagtynda çarşenbe güni geçirilen türkmen-eýran işewürlik maslahatynyň çäklerindäki “Iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary, işewür hyzmatdaşlygy ösdürmek” atly forumda çykyş eden Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň müdiriýetiniň agzasy Suwhanmyrat Ataýew bu barada maglumat berdi.

Türkmenistanyň Eýrana, esasan, guradylan gök önümlerini, mineral dökünleri, ýag alynýan ekinleriň tohumlaryny, pagta önümlerini we nah ýüplüklerini eksport edendigini aýdan S.Ataýew demir turbalaryň, profilleriň, metal gurnamalaryň, bakja we miwe önümleriniň import edilendigini beýan etdi.

Türkmen-eýran bilelikdäki önümçilik kärhanalaryny açmaga mümkinçiligiň bardygyny nygtan S.Ataýew eýranly işewürleri Türkmenistanda dörediljek erkin ykdysady zolaklarda senagat önümçiligini ýerine ýetirýän zawodlardyr desgalary açmaga çagyrdy.

Forumyň dowamynda Türkmenistanyň Söwda we senagat edarasynyň başlygy Döwletgeldi Rejepow we Eýran Yslam Respublikasynyň Söwda, senagat, magdanlar we oba hojalyk edarasynyň başlygynyň orunbasary Hoseýin Salahwarzi hem çykyş etdi.

Çykyşynda Türkmenistanda işewürlik boýunça amatly şertleriň döredilýändigini aýdan Söwda we senagat edarasynyň başlygy Döwletgeldi Rejepow iki taraplaýyn gatnaşyklary güýçlendirmek üçin bar bolan mümkinçilikere degindi.

Eýranly işewürler bilen hyzmatdaşlygy artdyrmaga taýýardyklaryny nygtan D.Rejepow däp bolup gelýän Eýranyň harytlarynyň Türkmenistandaky ýöriteleşdirilen sergisini hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde görkezdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň Söwda, senagat, magdanlar we oba hojalyk edarasynyň başlygynyň orunbasary Hoseýin Salahwarzi öz ýurtlarynyň nebit-gaz pudagyndan daşardaky önümleriniň eksport möçberini artdyrmak isleýändigini mälim etdi. Bu ugurda Merkezi Aziýa ýurtlaryna, şeýle hem halkara ulag geçelgelerine aralaşmak üçin Türkmenistanyň Eýran üçin bolan ähmiýetine ünsi çeken Salahwarzi sebitdäki döwletler bilen gatnaşyklary ähmiýetli görýändiklerini belledi.

Salahwarzi iki ýurduň arasynda transport çykdajylaryny azaltmak, gümrük we wiza talaplaryny aňsatlaşdyrmak, howa gatnaşyklaryny ýola goýmak, deňiz ýoly arkaly import we eksport gatnaşyklaryny ösdürmek maksady bilen täze meýilnamalary işläp taýýarlamagyň ýerlikli boljakdygyny aýtdy. 

Maslahatyň dowamynda iki ýurduň telekeçileri özara duşuşyklary geçirdiler.