“Türkmenpoçta” pul geçirim hyzmatyny hödürleýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Türkmenpoçta” pul geçirim hyzmatyny hödürleýär
Häzirki wagtda "Türkmenpoçta" poçta aragatnaşyk kompaniýasynda 2000-den gowrak hünärmen zähmet çekýär.

“Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň “Türkmenpoçta” poçta aragatnaşyk kompaniýasy Türkmenistanyň çäginde pul geçirim hyzmatyny hödürleýär. Kompaniýa tarapyndan paýlanan mahabat kagyzlarynda pul geçirimleriniň bellenen wagtda gowşurylýandygy aýdylýar.

Ýerli poçta kompaniýasy manat görnüşinde ugradyljak pul möçberi üçin alynýan hyzmat tölegini alty aýry bölümde jemleýär.

“Türkmenpoçta” 1-300 manat aralygyndaky geçirimler üçin 6%, 301-500 manat aralygyndaky geçirimler üçin 5%, 501-1000 manat aralygyndaky geçirimler üçin 4%, 1001-2000 manat aralygyndaky geçirimler üçin 3%, 2001-3000  manat aralygyndaky geçirimler üçin 2%, 3000 manatdan ýokary geçirimler üçin 1% hyzmat tölegini alýar.

Kompaniýanyň maglumat bermegine görä, bu hyzmat häzirki wagtda “Türkmenpoçta”-nyň ähli şahamçalarynda hereket edýär.

Häzirki wagtda "Türkmenpoçta" poçta aragatnaşyk kompaniýasynda 2000-den gowrak hünärmen zähmet çekýär, onuň Türkmenistanyň ähli künjeklerinde bölümçeleri bar. Kompaniýa 1993-nji ýylyň ýanwar aýynda bütindünýä poçta birleşiginiň agzalygyna kabul edildi.

Kompaniýanyň hyzmatlary barada goşmaça maglumat almak isleýänler +99312 930936 we +99312 921495 telefon belgilerine jaň edip bilerler.

2022