Aşgabat şäherinde 22 – 24-nji oktýabr aralygynda “Türkmenistanyň nebiti hem-de gazy – 2019” atly XXIV halkara maslahaty we sergisi geçirilýär.
Forum “Türkmennebit” döwlet konserni hem-de ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralýar. Garaşylyşy ýaly, foruma dünýäniň ençeme ýurtlaryndan hünärmenler, şol sanda ugurdaş kompaniýalaryň, pudaklaýyn düzümleriň, halkara guramalarynyň, habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşar.
Maslahatyň gün tertibine energetika bazarlarynyň ösüşinde ählumumy meýiller hem-de gyzyklanma bildirýän taraplar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi, maýa goýum işleri, ýangyç-energetika toplumynyň gazhimiýa we nebiti gaýtadan işleýän pudaklaryny ösdürmegiň geljegi bilen bagly meseleler giriziler.
Türkmenistanyň energetika diplomatiýasy, halkara turba geçirijileriniň taslamalaryny amala aşyrmak mowzuklary boýunça pikir alşylar. Forumyň maksatnamasyna laýyklykda daşary ýurtly gatnaşyjylary Ahal welaýatynda gurlan tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň gurluşy bilen tanyşdyrmak ýaly çäreleri geçirmek göz öňünde tutulýar.
Halkara nebit-gaz maslahaty Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň we halkara nebitgaz kompaniýalarynyň arasynda özara hyzmatdaşlygy ösdürmek we berkitmek maksady bilen her ýyl geçirilýän abraýly işewürlik forumydyr. Bu forumda Türkmenistanyň nebitgaz bazaryna, täze nebithimiýa taslamalaryna dolulygyna syn berler, şeýle hem dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary özleriniň toplan tejribelerini paýlaşarlar.