Kiçi alýumin gutular “Coca-Cola”-nyň satyşyny ýokarlandyrdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Kiçi alýumin gutular “Coca-Cola”-nyň satyşyny ýokarlandyrdy
“Coca-Cola”-nyň 220 millilitrlik kiçi alýumin gutularda öndürýän “Coca-Cola Zero Sugar” içgileriniň satyşy 15% ýokarlandy.

Üstümizdäki ýylyň üçünji çärýeginde “Coca-Cola” kompaniýasynyň arassa girdejisi 8% ýokarlandy. Anna güni kompaniýa tarapyndan ýaýradylan metbugat beýanatynda “Coca-Cola”-nyň bu döwürde 5% ösüş gazanandygy mälim edildi.

“Guggenheim Securities” maýa goýum kompaniýasynyň dolandyryjy direktory Laurent Grandet CNBC kanalyna beren beýanatynda üçünji çärýekde kompaniýanyň ösüşiniň garaşylan 4%-den ýokary bolmagynyň maýa goýumçylary begendirendigini aýtdy.

Kompaniýanyň ösüşine iň uly täsiri ABŞ-nyň bazary ýetirdi. “Coca-Cola”-nyň 220 millilitrlik kiçi alýumin gutularda öndürýän “Coca-Cola Zero Sugar” içgileriniň satyşy 15% ýokarlandy.

Grandet gazlandyrylan içgi kompaniýasynyň ýörite sowadyjylarda satylýan we gysga wagtda içilmäge niýetlenen täze gaplama usullarynyň ýerlikli netije getirendigini belledi.

“Coca-Cola” kompaniýasy üç aýlyk hasabatynda 2020-nji ýylyň ýanwar aýyndan başlap ABŞ-da “Coca-Cola Energy” içgilerini hem bazara hödürlejekdigini mälim etdi. Häzirki wagtda dünýäniň 25 ýurdunda elýeter bolan bu önüm Grandetiň aýtmagyna görä, “Red Bull” we “Monster Beverage” kompaniýalarynyň içgilerine bäsdeşlik gurnar.