Türkmenistanyň Prezidentine Hirosaki uniwersitetiniň “Hormatly doktory” ady dakyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidentine Hirosaki uniwersitetiniň “Hormatly doktory” ady dakyldy
Şu gün “Chinzanso Tokyo” myhmanhanasynda Türkmenistanyň Prezidentine "Hormatly doktor" adynyň dakylmagy bilen bagly dabara geçirildi. Surat: TSTB.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa duşenbe güni başlan Ýaponiýa saparynyň çäklerinde Hirosaki uniwersitetiniň “Hormatly doktory” diýen at dakyldy.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) habar bermegine görä, sişenbe güni “Chinzanso Tokyo” myhmanhanasynda Türkmenistanyň Prezidentine bu adyň dakylmagy bilen bagly dabara geçirildi.

2014-nji ýylyň iýul aýynda Türkmenistanyň Prezidenti bu uniwersitetiň rektoryny Aşgabatda kabul edipdi. Şol duşuşykda ýapon rektory Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa  “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitaby döretmek bilen dürli keselleriň öňüni almakda we bejermekde dermanlyk ösümlikleriň ähmiýetini ýer ýüzünde wagyz etmäge goşan goşandynyň ykrarnamasy hökmünde Hirosaki uniwersitetiniň Şahadatnamasyny gowşurdy.

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň wekilleri üstümizdäki ýylyň mart-aprel aýlarynda Ýaponiýa iş saparynda bolup, Hirosaki uniwersiteti bilen Hyzmatdaşlyk hakynda ylalaşyga gol çekipdiler.

Bu ylalaşygyň çäklerinde maý aýynda Aşgabatda Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde ýapon ýokary okuw jaýynyň professorlary bilen ýokary hasylly miweleriň ösdürilip ýetişdirilişiniň häzirki zaman tehnologiýasynyň aýratynlyklary we bu tehnologiýany Türkmenistanyň toprak howa şertlerine ornaşdyrmagyň mümkinçilikleri barada okuw sapagy geçirildi.

2022