“Güneş” kir ýuwujy serişdesiniň 77 tonnasy Özbegistana eksport edildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Güneş” kir ýuwujy serişdesiniň 77 tonnasy Özbegistana eksport edildi
Bu kärhanada, esasan, iki haryt nyşanly “Emaý” bilen “Güneş” kir ýuwujy serişdeleri öndürilip, 500 gramlyk gaplardan başlap, 9 kilogramlyk gaplarda ilata hödürlenýär.

Sentýabr aýynda “Türkmen berk-metal” hususy kärhanasy 77 tonnadan gowrak “Güneş” kir ýuwujy serişdesini Özbegistan Respublikasyna eksport etdi.

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda ýerleşýän bu kärhanada, esasan, iki haryt nyşanly “Emaý” bilen “Güneş” kir ýuwujy serişdeleri öndürilip, 500 gramlyk gaplardan başlap, 9 kilogramlyk gaplarda ilata hödürlenýär.

Ýyllyk önümçilik kuwwaty 50 müň tonna barabar bolan kärhanada 150 işgär dürli hünärler boýunça zähmet çekýär.

“Türkmen berk-metal” hususy kärhanasy önümçilik desgasyny doly kuwwatynda işletmek hem-de ýerli telekeçileriň arasynda hyzmatdaşlygy has hem giňeltmäge goşant goşmak maksady bilen ýerli telekeçileriň sargydy esasynda hem kir ýuwujy serişdelerini öndürýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022