Türkmenistanda aýna süýüminden armatur öndürilýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda aýna süýüminden armatur öndürilýär
Tok geçirijiligi bolmaýan kompozit armaturlary 100 ýyla çenli çydamly bolmagy bilen tapawutlanýar, şeýle hem bu önüm poslamaýar.

Türkmenistanda ilkinji gezek aýna süýüminden armatur (kompozit armatur) önümçiligi ýola goýuldy.

“Türkmenistan: Altyn Asyr” neşiriniň habar bermegine görä, “Kompozitenergo” we “Elektroulgamgurluşyk” hojalyk jemgyýetleri tarapyndan ýörite tehnologiýa arkaly işlenilip taýýarlanylan bu armaturlar beton diňlerinde ulanylmaga başlandy.

«Türkmenenergo-gurluşyk» konserniniň Büzmeýin demir-beton önümleri kärhanasynda kompozit armatur ulanmak arkaly tok geçirijileri üçin niýetlenen beton diňleriniň ilkinji tapgyry öndürildi.

Büzmeýin etrabyndaky önümçilik sehinde öndürilýän kompozit armaturalarda ýerli çig mal ulanylýar. Bu armaturlar Seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk ylmy-barlag institutynyň barlaglaryndan üstünlikli geçdi.

“Kompozitenergo” aýna süýümi öndürýän sehiniň ýyllyk önümçilik kuwwatyny 170 tonnadan 500 tonna çenli ýokarlandyrmagy meýilleşdirýär. “Elektroulgamgurluşyk” hojalyk jemgyýeti bolsa, kompozit armaturlary öndürmek üçin gerekli bolan peçleri we beýleki enjamlary satyn almak üçin maýa goýum goýberdi. Bilelikdäki hyzmatdaşlygyň netijesinde aýna süýüminden ýyllyk 2,500 tonna armatur öndürmegi meýilleşdirilýär.

Aýna süýüminden öndürilýän armaturlar polatdan has berk hasaplanýar. Tok geçirijiligi bolmaýan kompozit armaturlary 100 ýyla çenli çydamly bolmagy bilen tapawutlanýar, şeýle hem bu önüm poslamaýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022