“Ahmet Haýdar” 750 tonna pomidor hasylyna garaşýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Ahmet Haýdar” 750 tonna pomidor hasylyna garaşýar
“Ahmet Haýdar” geçen ýylyň ýarym ýyllyk iş möwsüminde 1,5 gektar ýyladyşhanadan 220 tonna hasyl alyp, onuň 75 göterimini eksport etdi.

“Ahmet Haýdar” hususy kärhanasy şu ýyl 4 bölekden ybarat 3 gektar ýerine 69 müň 800 düýp pomidor nahallaryny oturdyp, ondan 750 tonna hasyla garaşýar.

Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda ýerleşýän kärhananyň bakjaçylary geçen ýylyň ýarym ýyllyk iş möwsüminde 1,5 gektar ýyladyşhanadan 220 tonnadan gowrak pomidor almagy başardylar. Alnan hasylyň 75 göterimini eksport eden hususy kärhana göz öňünde tutan meýilnamasyny üstünlikli ýerine ýetirdi.

Hususy kärhananyň hünärmenleri 4 bölekden ybarat meýdanyň hersine 17 müň 450 düýp Türkiýeden getirilen “Bandita” görnüşli pomidor nahallaryny oturtdylar we häzirki wagtda olary doly idedýärler.

Bakjaçylar 5-10-njy noýabrda hasyl ýygnamagy meýilleşdirýärler. Taýýar önümiň aglaba bölegi Russiýa, Gazagystana, Gyrgyzystana eksport ediler, şeýle hem ýurduň içerki bazarlaryna ugradylar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022