Biržanyň söwdalaryny “onlaýn” geçirmek teklip edildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Biržanyň söwdalaryny “onlaýn” geçirmek teklip edildi
Türkmenistanyň Söwda toplumy

Anna güni geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işi iki tapgyrda döwrebaplaşdyrmak teklip edildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Çary Gylyjow wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen mejlisde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna biržany sanly ulgama geçirmek baradaky teklipleri hödürledi.

Birinji tapgyrda şertnamalary biržada bellige almak hyzmatlaryny elektron görnüşinde internet ulgamynyň üsti bilen amala aşyrmak üçin şertleri döretmek göz öňünde tutulýar. Bu ulgamyň girizilmegi bilen, birža hyzmatlaryny “onlaýn” tertipde amala aşyrmaga mümkinçilik dörediler.

Sanly birža ulgamynyň resminama dolanyşygynyň döwrebap usullaryny ýola goýmak bilen, iş öndürijiliginiň ýokarlandyrylmagyna, şertnamalary bellige almagyň möhletini çaltlandyrmaga, maglumatlaryň ygtybarly elektron binýadyny döretmäge ýardam eder diýlip, mejlisde aýdyldy.

Ikinji tapgyrda birža söwdalaryny sanly ulgam arkaly geçirmegi ornaşdyrmak teklip edilýär.

Birža söwdalarynyň «onlaýn» tertibinde guralmagy söwda gatnaşyjylara birža barmazdan, dünýäniň islendik künjeginden sanly ulgam arkaly gatnaşmaga mümkinçilik döreder. Bu bolsa, bäsleşikli söwdalara köpsanly alyjylaryň gatnaşmagyna we harytlaryň amatly bahalarynyň emele getirilmegine, eksportyň möçberiniň artmagyna ýardam eder.

Wise-premýer Gylyjow Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işini kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreleriň sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda alnyp baryljakdygyny belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti Döwlet-haryt çig mal biržasynyň işine sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça meýilleşdirilen çäreleriň üstünde ýene-de işlemegi tabşyrdy.