Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky 1-nji noýabrdan başlap, “VISA Classic Syýahat” we “MasterCard Standard Syýahat” täze halkara bank kartlaryny işe girizdi.
Bank tarapyndan ýaýradylan bildirişe görä, bu kartlardan 24 sagadyň dowamynda nagt görnüşinde 200 ABŞ dollary alnyp bilner, şeýle hem nagt däl görnüşinde çäklendirilmedik möçberde hyzmatdan peýdalanmaga rugsat berilýär.
Täze kartlaryň hasaby fiziki şahslar tarapyndan öz hususy daşary ýurt walýutasyndaky serişdeleriniň we şoňa deňeşdirilen tölegleriň hasabyna nagt dolduryp bilner. Serişdeleriň gelip çykyşy baradaky beýan talap edilmeýär.
Syýahat kartlary bäş ýyllyk möhlet bilen çykarylyp, 100 ABŞ dollary ätiýaçlandyryş goýumy hökmünde alnar. Daşary ýurt banklaryny we bankomatlaryny ulanmak arkaly alnan nagt pul möçberiniň 3%-i hyzmat tölegi hökmünde saklanylýar.
Daşary ýurt söwda nokatlarynda geçirilen nagt däl hasaplaşyklarda bolsa, bu göterim 0.5-e çenli azalýar.
Döwlet daşary ykdysady iş banky ozal “MasterCard” halkara töleg kartlarynyň dört görnüşini we “Visa” halkara töleg kartlarynyň bolsa üç görnüşini hödürleýärdi.