“Abadan Haly” 108 müň inedördül metr haly önümlerini eksport etdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Abadan Haly” 108 müň inedördül metr haly önümlerini eksport etdi
“Abadan Haly” önümçilik kuwwatyny üç esse artdyryp, häzirki döwürde ýyllyk 2.5 million inedördül metrden gowrak önüm öndürýär.

“Abadan Haly” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti 2019-njy ýylyň ilkinji 10 aýynda 108,074.95 inedördül metr haly önümlerini eksport etdi. Bu döwürde halylar we haly önümleri Gazagystan Respublikasyna, Türkiýe Respublikasyna, Owganystan Yslam Respublikasyna we Azerbaýjan Respublikasyna iberildi.

Gümrük statistikasynyň berýän maglumatlaryna laýyklykda, soňky aýda haly we haly önümleriniň Azerbaýjan Respublikasyna eksporty has-da artdy.

2016-njy ýylyň fewral aýynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda açylyp ulanmaga berlen “Abadan Haly” toplumy soňky üç ýylyň dowamynda önümçilik kuwwatyny üç esse artdyryp, häzirki döwürde ýyllyk 2.5 million inedördül metrden gowrak haly we haly önümlerini öndürýär.

Kompaniýanyň önümleri awgust aýynda Eýranda we Singapurda geçirilen sergilerde görkezildi.

Toplumyň haly önümleri we polipropilen ýüplükleri Gazagystana, Özbegistana, Owganystana, Azerbaýjana we Türkiýä eksport edilýär. Kärhana Russiýa, şeýle hem Ýewropa we Ýakyn Gündogar ýurtlary bilen söwda gatnaşyklaryny ýola goýmak boýunça gepleşikleri alyp barýar.

“Abadan Haly” AGPJ polimer halylarynyň sekiz toplumyny öndürýär. Bu toplumlar bezeg we görnüş taýdan bir-birinden tapawutlanýar. 

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022