Dikligine ekerançylyk bazary 2022-nji ýyla çenli 5,8 millard dollara ýeter

Dikligine ekerançylyk bazary 2022-nji ýyla çenli 5,8 millard dollara ýeter
Ulanylmaýan binalarda dikligine ekerançylyk alyp barmak ösýän akymlaryň biridir.

“MarketsandMarkets” kompaniýasynyň seljermelerine görä, dikligine ekerançylyk bazarynyň gymmaty 2022-nji ýyla çenli 5,8 milliard amerikan dollaryna barar. Pestisitleri ulanmazdan ýokary hilli önüm almak, howa şertlerine baglylygyň az bolmagy, şäher ilatynyň köpelmegi, ýylyň dowamynda hasyl alynýan möwsümleriň köp bolmagy we tebigata ýetirýän zyýanynyň azlygy ýaly sebäpler dikligine ekerançylygyň ösmegine getirýär.

Ösümlikleri topragyň ýerine suwly gurşawda ýetişdirmäge mümkinçilik berýän Gidroponik ösüş mehanizmasynyň dikligine ekerançylyk bazarynda 2022-nji ýyla çenli agdyklyk etmegine garaşylýar. Klimatyň üýtgemegi, topragyň hapalanmagy, şäherlerde ýeriň az bolmagy, dünýäniň käbir böleginde suw çeşmeleriniň çäkli bolmagy ýaly meseleler öňümizdäki ýyllarda dikligine ekerançylygyň ösmegine itergi berer.

Ulanylmaýan binalarda dikligine ekerançylyk alyp barmak ösýän akymlaryň biridir. Mysal üçin, ABŞ-nyň Çikago şäherindäki “The Plant” atly dikligine ekerançylyk merkezi ulanylmaýan binalary ulanmagyň täzeçe çözgütlerini hödürleýär. Munuň ýany bilen ýörite dikligine ekerançylyk üçin niýetlenen binalar hem gurulýar. “MarketsandMarkets”-e görä, şeýle taslamalar dikligine ekerançylyk ýerleriniň sanynyň artmagyna getirer.

Ýapyk ekerançylyk ýerlerinde hasylyň köpelmeginde klimatyň dogry sazlanmagy ähmiýetli orun eýeleýär. Goragly ösüş gurşawyny ýola goýmak üçin klimata täsir edýän dürli faktorlar ýokary derejede barlag astynda saklanmaly. Durşuna ýapyk görnüşde alnyp barylýan ekerançylyk binalarynda içerki klimatyň ýagdaýy ýyladyjylar, sowadyjylar, çyglandyryjylar, çyglylygy azaldyjylar, howa üfleýijiler, emeli ýagtylandyryjylar, kömürturşy gazyny çykaryjylar we gurşawyň ýagdaýyny yzygiderli barlap durýan awtomatlaşdyrylan enjamlar arkaly yzygiderli sazlanýar. Dikligine ekerançylyk ýerleriniň köpelmeginiň klimaty sazlamaga mümkinçilik berýän enjamlara bolan talaby ýokarlandyrmagyna hem garaşylýar.

2022-nji ýyla çenli dikligine ekerançylyk bazarynda esasy paýy ilat sany yzygiderli köpelmegine garamazdan oba hojalyk ýerleri çäkli bolan Aziýa-Ýuwaş ummany sebitiniň almagyna garaşylýar. Sebitdäki bu bazaryň esasy ýurtlary bolan Ýaponiýa, Singapur we Taýwanda dikligine ekerançylyk ýerleriniň birnäçesi bar. Esasan hem, Ýaponiýada emeli ýagtylandyryş ulgamy bilen enjamlaşdyrylan 150 sany önümçilik zawody bar.

Dikligine ekerançylygy ösdürmekde iş alyp barýan kompaniýalarynyň hataryna ABŞ-nyň “Aeroforms” we “Illumitex Inc.” kompaniýalary, Belgiýanyň “Urban Corps” kompaniýasy, Gollandiýanyň “Koninklijke Philips N.V.” kompaniýasy we Singapuryň “Sky Greens” kompaniýasy girýär. 

2022