Türkmenistanda hususy kärhana nähili döredilýär?

BT
Türkmenistanda hususy kärhana nähili döredilýär?

Türkmenistanda ýerli hususy kärhanalaryň we daşary ýurt kompaniýalarynyň şahamçalarynyň işlerini ýöretmek Türkmenistanyň Raýat kodeksi, Türkmenistanyň “Kärhanalar hakyndaky” kanuny, Türkmenistanyň “Daşary ýurt maýa goýumlary hakyndaky” kanuny we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen düzgünleşdirilýär.

Kärhanalary açyp, telekeçilik işlerini alyp barmak esasan hojalyk jemgyýeti, hususy kärhana ýa-da açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti hökmünde amala aşyrylýar.

Kärhana näme?

Kärhanalar işini şu aşakdaky guramaçylyk-hukuk görnüşlerde amala aşyrýarlar: 

  • döwlet kärhanasy; 
  • hususy (ýekebara) kärhana; 
  • hyzmatdaşlyk kärhanasy; 
  • bilelikdäki kärhana; 
  • jemgyýetçilik guramasynyň kärhanasy; 
  • hojalyk (şereketi) jemgyýeti; 
  • paýdarlar jemgyýeti.

Türkmenistanyň kanunçylygy tarapyndan başga guramaçylyk-hukuk görnüşli kärhanalaryň hem döredilmegi göz öňünde tutulyp bilner.

Kärhanany döretmek we dolandyrmak

Kärhana ony esaslandyryjynyň (esaslandyryjylaryň) karary boýunça döredilýär.

Kärhana hökmünde Türkmenistanyň kanunçylygynyň talaplaryna laýyklykda önüm öndürmek, harytlary ýerleşdirmek, ýerine ýetirilýän işler we bitirilýän hyzmatlar üçin jemgyýetiň zerurlyklaryny kanagatlandyrmak we girdeji almak maksady bilen döredilýän ykdysady işiň özbaşdak subýekti hasaplanýar.

Kärhananyň hukuk ýagdaýy – munuň özi kanunçylyk tertibinde kärhananyň hukuk subýekti hökmünde hukuklarynyň we borçlarynyň berkidilen ulgamydyr.

Kärhanany esaslandyryjylar hökmünde hukuk kämillikli fiziki we edara görnüşindäki taraplar, şol sanda daşary ýurtlaryň şeýle taraplary bolup biler.

Kärhanadan bir ýa-da birnäçe täze kärhananyň bölünip aýrylmagy, şeýle hem onuň bölünmegi netijesinde kärhana döredilip bilner.

Häzirki wagtda ýurdumyzda esasan bir fiziki şahs tarapyndan hususy (ýekebara) kärhanasyny döretmek ýörgünli bolup durýar.

Hususy kärhana emlägiň eýesiniň çözgüdi boýunça döredilýär. Hususy kärhananyň esaslandyryş namasy eýe tarapyndan tassyklanylýan onuň tertipnamasydyr.

Hususy kärhana beýleki bir eýä degişli kärhananyň fiziki tarap tarapyndan edinilmegi netijesinde döredilip bilner.

Hususy kärhananyň emlägi fiziki tarapyň emläginden, girdejilerden we beýleki kanuny çeşmelerden emele gelýär.

Hususy kärhananyň esaslyk maýasynyň iň pes möçberi Türkmenistanda bellenilen zähmet hakynyň iň pes möçberinden 25 esse möçberden ybarat bolmalydyr. Mysal üçin, bu möçber 2019-njy ýyl üçin 19 750 (on dokuz müň ýedi ýüz elli) manat hökmünde kesgitlenendir.

Hususy kärhanany dolandyrmak onuň eýesi tarapyndan amala aşyrylýar ýa-da onuň eýesi kärhananyň işlerini alyp barmagyň ygtyýarlaryny şertnama boýunça beýleki adama (dolandyryja, ýerine ýetiriji direktora) bermäge haklydyr.

Hususy kärhananyň eýesi hususy kärhananyň alan borçnamalary boýunça doly emläk jogapkärçiligini çekýär.

Kärhana döwlet belligine alnan pursatyndan başlap, hukuk subýektine öwrülýär.

Kärhanalary döretmek bilen bagly giňişleýin maglumaty 2000-nji ýylyň 15-nji iýunynda kabul edilen №28-II belgili Türkmenistanyň “Kärhanalar hakynda” kanunyna seredip öwrenip bilersiňiz.

BT Hukuk Bölümi