Türkmenistan “Deutsche Bank” bilen üstünlikli hyzmatdaşlyk saklaýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan “Deutsche Bank” bilen üstünlikli hyzmatdaşlyk saklaýar
“Deutsche Bank” Türkmenistanda hereket edýän bäş sany daşary ýurtly banklaryň biridir.

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajyýew sişenbe güni “Deutsсhe Bank AG” öňdebaryjy nemes bank konserniniň Merkezi we Gündogar Ýewropa boýunça sebit müdirliginiň direktorlarynyň dolandyryjysy Baş ýerine ýetiriji direktory Ýorg Bongarts bilen duşuşdy.  

Türkmenistanyň DIM-niň binasynda geçirilen duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen “Deutsсhe Bank AG-niň” arasyndaky köpýyllyk hyzmatdaşlygyň üstünliklerini belläp, gatnaşyklaryň wajyp ugurlary barada pikir alyşdylar.

W.Hajyýew we Bongarts bilelikdäki taslamalary geljekde ösdürmek barada gürrüň edip, nemes kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk temasyna we Ykdysadyýet boýunça türkmen-german Hökümetara iş toparynyň ornuna seretdiler.

Halkara kadalary we iň uly halkara tejribeleri göz öňünde tutmak bilen, taraplar Türkmenistanyň maliýe-bank ulgamyndaky oňyn üýtgeşmeler we bu ugurda sanly ulgama geçmegiň wajyplygy barada aýtdylar.

Duşuşykda maliýe jenaýatlara garşy göreş boýunça halkara mehanizmler pudagyndaky hyzmatdaşlyk barada hem pikir alşyldy.

“Deutsche Bank” Türkmenistanda hereket edýän bäş sany daşary ýurtly banklaryň biri bolmak bilen Gyýanlydaky polimer zawodynyň maliýeleşdirilmeginde ugrukdyryjy bank hökmünde çykyş etdi. 

2022