Ýaponiýa-Türkmenistan: Bilelikdäki taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi üçin möhüm ädimler kesgitlenildi

BT
Ýaponiýa-Türkmenistan: Bilelikdäki taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi üçin möhüm ädimler kesgitlenildi
Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi A.Baýramowyň ýapon-türkmen ykdysady hyzmatdaşlyk komitetiniň başlygy H. Subai bilen geçiren duşuşygy, 2024-nji ýylyň 3-nji sentýabry, Tokio, Ýaponiýa

2024-nji ýylyň 3-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi A.Baýramow ýapon-türkmen ykdysady hyzmatdaşlyk komitetiniň başlygy jenap H. Subai bilen duşuşyk geçirdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar 2024-nji ýylyň 9-njy awgustynda Astanada geçirilen “Merkezi Aziýa + Ýaponiýa” Dialogynyň işewürlik forumynyň netijelerini, şeýle hem türkmen-ýapon we ýapon-türkmen ykdysady hyzmatdaşlyk komitetleriniň 15-nji bilelikdäki mejlisine görülýän taýýarlygy ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşykda Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmek üçin oňyn mümkinçilikler nygtaldy we bilelikdäki taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi üçin möhüm ädimler kesgitlenildi.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçihanasy

2022