Türkiýäniň Aşgabatdaky ilçisi türkmen-türk gatnaşyklaryna ýokary baha berdi

Türkiýäniň Aşgabatdaky Ilçihanasy
Türkiýäniň Aşgabatdaky ilçisi türkmen-türk gatnaşyklaryna ýokary baha berdi
Türkiýäniň Aşgabatdaky ilçisi Ahmet Demirok (Surat: Türkiýäniň Aşgabatdaky ilçihanasy)

Türkiýäniň Aşgabatdaky ilçisi Ahmet Demirok, türk dünýäsiniň örän möhüm agzasy bolan Türkmenistanyň, Türki Döwletleriň Guramasyna (TDG) we Türki döwletleriň guramasynyň Parlament assambleýasyna (TÜRKPA) doly hukukly agza hökmünde goşulmagyny Türkiýäniň isleýändigini aýtdy. “Anadoly” agentliginiň habarçysy bilen geçiren söhbetdeşliginde, Ahmet Demirok Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklara we iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyga baha berdi. Ol Türkiýäniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny ilkinji ykrar eden we Aşgabatda ilkinji ilçihanasyny açan ýurt bolandygyny belledi. Ahmet Demirok türk resmi edaralarynyň, telekeçileriniň we hökümete degişli bolmadyk guramalarynyň, Garaşsyz Türkmenistanyň döwrebap döwlete öwrülmeginde türkmen doganlaryna hemişe goldaw berendiklerini nygtady. Şeýle hem, Ahmet Demirok Türkiýäniň Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatyny doly goldaýandygyny we iki ýurduň umumy taryha, dile, dine we medeniýete esaslanýan gatnaşyklaryň özara hormat, hyzmatdaşlyk we umumy bähbitler esasynda dowam edýändigini nygtady.

Ahmet Demirogyň aýtmagyna görä, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistan ösüş gazandy we bu ösüş Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda dowam edýär. “Biziň hyzmatdaşlygymyz köp dürli ugurlarda ösýär. Türkmenistanyň gatnaşmagynda gazanylan bu depgin biziň söwda we ykdysady gatnaşyklarymyzda hem öz beýanyny tapýar. Türkiýe Türkmenistanyñ iň uly söwda hyzmatdaşlarynyň biri bolup galýar. 2023-nji ýylda Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasyndaky umumy söwdanyň mukdary 2,6 milliard ABŞ dollaryna ýetdi. Bu sanlaryñ ýakyn wagtda ep-esli artjakdygyna ynanýarys we biz umumy maksatymyz bolan 5 milliard ABŞ dollaryna aňsatlyk bilen ýetip bileris” diýip, türk ilçisi aýtdy. Şeýle hem, Ahmet Demirok Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasynda ýokary derejedäki özara saparlaryň soňky ýyllarda ep-esli artandygyny belläp, “Biz Türkmenistan bilen häzirki hyzmatdaşlygymyzy mundan beýläk hem pugtalandyrmak ugrunda işlemegimizi dowam etdirýäris” diýip belledi.

       -    “Biz Türkmenistanyň Türki Döwletleriň Guramasyna doly hukukly agza bolup goşulmagyny isleýäris.”

Mundan başga-da, Ahmet Demirok Türkmenistanyň 2021-nji ýylda Türki Döwletleriň Guramasyna (TDG) synçy hökmünde goşulandygyny belläp, “TDG - bu türki döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy güýçlendirmegi maksat edinýän maşgala geňeşi. Biz Türkmenistanyň TDG we TÜRKPA doly hukukly agza bolup goşulmagyny isleýäris. Türkmenistan türki dünýäsiniň örän möhüm agzasy bolup durýar. Türkmenistanyň TDG-a doly agza bolmagy bilen, türki dünýäsindäki hyzmatdaşlygyň has-da pugtalanjakdygyna doly ynanýarys. Türki dünýäsi adam serişdeleri, tebigy baýlyklary, jemgyýetçilik, ykdysady we tehnologiýa mümkinçiligi bilen sebitde ösüşiň we durnuklylygyň zolagy hökmünde tapawutlanýar. Merkezi Aziýada strategik orny bolan Türkmenistanyň ulag ugurlary we energiýa çeşmeleri babatynda bu umumy prosese möhüm goşant goşjakdygyna ynanýarys” diýip, nygtady.

Şeýle-de Ahmet Demirok Türkiýe bilen Türkmenistanyň energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygyny belläp, mart aýynda iki ýurduň arasynda “Tebigy gaz pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek hakynda Ähtnama” we “Uglewodorod serişdeleri babatda hyzmatdaşlyk etmek boýunça meýiller hakynda Jarnama” gol çekilendigini aýtdy. Ilçi Türkiýe Respublikasynyň energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktaryň iýul aýynda Türkmenistana sapar bilen gelendigini belledi we onuň hökümet agzalary bilen Türkiýäniň we Ýewropanyň bazarlaryny türkmen tebigy gazy bilen üpjün etmek, şeýle hem elektrik we magdançylyk pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek barada gepleşikler geçirendigini aýtdy. Mundan başga-da, Ahmet Demirok Alparslan Baýraktaryň metbugat gullygyna beren interwýusynda ilkinji tapgyrda Türkmenistandan 2 milliard kubmetr tebigy gazyň swap usuly arkaly üpjün edilmeginiň meýilleşdirilýändigini, uzak möhletde bolsa, Hazar deňziniň üsti bilen geçýän gaz geçirijisi arkaly 20 ýylyň dowamynda umumy möçberi 300 milliard kubmetr bolup, 15 milliard kubmetr gazyň üpjün edilmeginiň meýilleşdirilýändigini aýdandygyny nygtady. “Şeýle-de Alparslan Baýraktar gepleşikleriň dowamynda Türkmenistandaky tebigy gaz ýataklarynda bilelikde gaz çykarmak meselesiniň ara alnyp maslahatlaşylandygyny we BOTAŞ bilen baglanyşykly türk kompaniýalarynyň we türkmen tarapynyň arasynda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleriniň, şol sanda tebigy gazyň saklanmagy we paýlanyşy bilen baglanyşykly meseleleriň seljerilendigini aýtdy” diýip türk ilçisi belledi.

       -     “Türkmen tebigy gazynyň Türkiýe arkaly Ýewropa daşalmagy eýýäm köp wagtdan bäri gün tertibinde durýar.”

Türkmen tebigy gazynyň Ýewropa daşalmagynda Türkiýäniň orny barada aýdyp, Ahmet Demirok “Türkmenistan Garaşsyzlygyny alanyndan soň, degişli türk we türkmen häkimiýetleri bilen energiýa hyzmatdaşlygyny mundan beýläk ösdürmek maksady bilen birnäçe resminama gol çekildi we möhüm duşuşyklar geçirildi. Türkmen tebigy gazynyň ýurdumyza we Türkiýäniň üsti bilen Ýewropa daşalmagy köp wagtdan bäri gün tertibinde durýar. Dünýädäki häzirki syýasy we ykdysady durnuksyzlygy hem-de ýaşyl öwrülişik ýaly ekologiýa howatyrlanmalarynyň ýokarlanýandygyny göz öňünde tutup, häzirki döwri türkmen gazyny günbatar bazarlaryna daşamak üçin amatly pursat diýip hasaplaýarys. Bu mümkinçiligiň hemişe açyk bolmajakdygyny göz öňünde tutup, şonuň üçin biz hyzmatdaşlyga ýakyn wagtda başlamak zerur diýip pikir edýäris. Şeýlelikde gysga möhletde bar bolan infrastrukturadan peýdalanyp hyzmatdaşlyga başlamak we orta hem-de uzak möhletde infrastrukturanyň kemçiliklerini düzetmek we täze maýa goýumlary durmuşa geçirmek arkaly bu hyzmatdaşlygy güýçlendirmek, hyzmatdaşlygyň ähli taraplaryna peýda getirer" - diýip, ilçi aýtdy.

        -    "Türkmenistan strategik Merkez bolup durýar."

Türkmenistanyň ulag ugurlary babatda ähmiýeti barada aýdyp, Ahmet Demirok bu ýurduň Hazar deňzi arkaly Hytaýy Ýewropa bilen baglanyşdyrýan Orta geçelgäniň ugrunda ýerleşýändigini belledi. Ilçi Orta geçelgäniň Türkiýeden başlap, Gruziýadan, Azerbaýjandan we Hazar deňzinden geçip, Türkmenistana, Özbegistana, Gyrgyzystana ýa-da Gazagystana baryp, Hytaýa ýetýändigini aýtdy. “Bu nukdaýnazardan Azerbaýjandaky Alat porty, Gazagystandaky Aktau porty we Türkmenistandaky Türkmenbaşy porty Hazar deňzi arkaly utgaşykly ýük daşamalar üçin ulanylýar. Türkmenistan Hazar deňzi hem-de Hytaý arkaly Gündogary we Günbatary, şeýle hem Russiýa arkaly Demirgazygy we Günortany, Gazagystany Eýran we Pakistan bilen baglanyşdyrýan strategik merkezdir. Türkmenistanyň Beýik ýüpek ýoluny täzeden dikeltmek baradaky strategiýasy Hytaýyň “Bir guşak, bir ýol” başlangyjyna laýyk gelýär. Türkmenistan Gündogar-Günbatar we Demirgazyk-Günorta ugurlarynda köpugurly we sazlaşykly logistika ulgamyny döredýär. Türkmenistan demirýol, awtoulag we howa gatnawlary ýaly ähli ulag görnüşleri bilen yklymlar arasyndaky ýük daşamalaryň mümkinçiliklerini doly açmak we serhetleşýän nokatlarynda logistika terminallaryny döretmek ugrunda iş alyp barmaga çalyşýar” diýip, Türkiýäniň Aşgabatdaky ilçisi Ahmet Demirok aýtdy.

 

Çeşme: Türkiýäniň Aşgabatdaky Ilçihanasy

2022