06.09.2024
18.10.2024

“Demirýollary” AGPJ ýuwujy we bugardyjy toplumyny gurmak boýunça bäsleşigi gaýtadan yglan edýär

“Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Ruhubelent bekediniň golaýynda ýuwujy we bugardyjy toplumyny gurmak boýunça №DÝ/AGPJ-039 belgili açyk görnüşli bäsleşigi gaýtadan yglan edýär:

Lot No.1 - Ruhubelent bekediniň golaýynda ýuwujy we bugardyjy toplumynyň gurluşygy

Bäsleşige gatnaşmak üçin:

  • bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy we bank rekwizitleri barada maglumatlary görkezip, dalaşgäriň hasaba alyş we tertipnama resminamalaryny, ynanç haty we pasportynyň nusgasyny goşup ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly;
  • lotuň häsiýetnamasyny we degişli tehniki talaplary almaly;
  • her lot üçin 700 manat möçberde (şol sanda 91,30 manat - GBüS) tölegi töläp, bäsleşik resminamalarynyň bukjasyny almaly.

Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap belgisi ýazmaça arza tabşyrylan mahaly habar berilýär. Bäsleşik teklipli bukjalar “Demirýollary” AGPJ-niň hasabyna pul serişdeleri geçirilenden soň seljerilip başlanýar.

Bellik: bäsleşige diňe Türkmenistanda hasaba alnan Senagatçylar we Telekeçiler Bileleşiginiň agzalary gatnaşmaga hukugy bar.

Bäsleşik resminamalary iki aýratyn bukjada (tehniki we söwda teklipler) görkezilen salgyda ýerli wagt bilen 9.00-dan 18.00-a çenli “Demirýollary” AGPJ-niň edarasynda 305 otagda (3-nji gat) kabul edilýär.

Bäsleşik teklipleri şu bildiriş “Neýtralnyý Turkmenistan” gazetinde çap edilen gününden başlap 30 iş günüň dowamynda kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefonlar:

+993 12 38-33-49

+993 12 38-31-03

Faks:

+993 12 38-36-00

Türkmenistan, ş.Aşgabat, Türkmenbaşy şaýoly 7
Bulary hem okaň
2022